Sepleriň elýeterliligi

logo-print

15 ýaşly Babajan Haýdarow türmeden çykdy


Türkmenistanda Bitaraplyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen tussaglaryň 70%-den gowragynyň ýaşlardygy habar berilýär.

Türmelerden çykan ýaşlaryň aýtmagna görä, türmelerde OMON wagtal-wagtal “terbiýeçilik” işlerini geçirýär.

Bendilikden çykanlaryň arasynda elleriniň damarlaryny, hatda garynlaryny kesen ýaş oglanlaryň bardygy hem aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda Owadan-depedäki “Gorbataýa (küýki) türmesi” barada hem-de geroiniň türmelerde satylyşy barada maglumat berilýär.

Şu temalar boýunça taýýarlanan “Ýaşlar” gepleşgini diňlemek isleseňiz, sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG