Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Permdäki ýangyn netijesinde ýogalanlaryň sany 125-e bardy


Perm şäheriniň gijeki klubynda bolan ýangyn bilen bagly Perm ülkesiniň hökümeti işden çekilýändigini mälim etdi.

Perm ülkesiniň hökümet edarasynyň metbugat gullugynyň beren maglumatlaryna görä, ýangyn babatda geçirilýän derňew işleri tamamlanandan soň täze hökümet düzüler.

Şu gün bu wakada ýaralanyp keselhana ýerleşdirilenlerden ýene 5 adam ýogalyp, şol wakanyň pidalarynyň sany 125 adama ýetdi.

Maglumata görä, şu gün ýogalanlaryň arasynda bu gijeki kluby kreýine alan eýesi Aleksandr Titlýanow hem bar.

Bu waka bilen baglanşykly 4 adamyň tussag edilendigi, birnäçe ýokary derejeli çinownigiň wezipesinden boşadylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG