Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Garagumda süýji suwyň ätiýaçlygy tapyldy


Günbatar Garagumda uly möçberde süýji suwyň ätiýaçlygy tapyldy diýip, “Türkmengeologiýa” edarasyna salgylanyp Türkmenistan.ru internet gazeti maglumat berýär.

Bu maglumata görä, Çilmämetgum ýatagynda tapylan bu suw zapaslary günde ondan 20 müň kub mert süýji suwy almaga mümkinçilik döredýär. Bu bolsa Türkmenbaşy şäherini hem-de “Awaza” turistik zolagyny süýji suw bilen doly üpjün etmäge ýol açýar diýlip, maglumatda aýdylýar.

“Türkmenistan. Altyn Asyr” internet saýty deňiz suwyny süjedýan zawodyň gurluşygyna başlanandygyny habar berýär.

Günde 35 müň kub mert deňiz suwuny süjedip biljek bu zawodyň gurluşygyny Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň zakazy boýunça Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň alyp barýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG