Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyş ýetip geldi


«Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýlip, türkmenlerde nakyl bar. Bu dürdäne sözler tomusda mazaly işlemeseň, gyşda azyk bolçulygynyň bolmajakdygyny habar berýär.

Türkmenler zähmetsöýer halk. Olar tomusda-da işleýärler, ýazda-da, gyşda-da, güýzde-de. Dört pasylda-da gydyrdanyp geçýän türkmenleriň gazanynyň welin gaýnamasy kynrak bolýar.

Aral problemasynyň täsiri

Aralyň başyna düşen problemalaryň ekologiýa eden ýaramaz täsiriniň netijeleri Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan heniz-henizlerem aýrylarly däl. Welaýatyň topragy şeýle bir derejede şorlaşan welin, tomsuň güni hem gar ýagaýdymyka diýdirýär. Ýeriň şorlaşmagyndan ýaňa toprak hut garly günde bolşy ýaly, ap-ak görünýär. «Iň jany bek ösümlik dary. Ony bir sapar ekeňsoň, ýedi-sekiz ýyllap özi hasyl berip durýar. Hut ýorunja ýaly, düýbüni her ýyl täzelemek gerek däl. Häzir welin, Daşogzuň topragynda darynyň gögermesi-de kyn boldy. Ýerden çykýan şor suw sebäpli, ösumlikleriň kökleri çüýreýär.

Ýeriň şorlaşmagy suwuň-da şorlaşmagyna alyp barýar. Suwda duzuň aşa köplük edýänligi sebäpli üç daşoguzlynyň biri böwrek keselinden ejir çekýär. Böwrekdir buşukhaltasy daşly adamlar bu welaýatda örän kän. Aşgabadyň Nyýazow adyndaky keselhanasyna börekleridir buşukhaltasy daşly gelýän daşoguzlylaryň yzy üzülerli däl.

Ýerleriň şorlaşmasy diňe bir keselçiligi döretmän, eýsem, azyk bolçulygynyň döredilmegine-de uly zyýan edýär. Şor toprakda bişen gök önümleri sapagyndan üzen wagtyň iýäýmeseň, ertirki güne goýjak gümanyň ýok. Sebäbi soganlar-da, kartoşkalar-da, käşirler-de haltada duran ýerinde suwa öwrülip, çüýräp, eräp gidýärler. Öňler türkmenler käşirdir kartoşkany ýere gömüp, gyşy bilen terligine saklardylar. Tä alabahara çenli sogandyr kartoşka, käşir, kelem terligi bilen halka ýetirilýärdi. Şorlaşma problemasynyň üsteseni-de, bir ýandanam ekinlere aldygyna gurçuk düşýär. Gurçugy ýok etmek üçin daýhanlar ekinlere her hili awuly himikatlary, hat-da apteklerde satylýan awyny-da sepýärler.

Halkyň immuna sistemasy

Soňky döwürlerde halkyň immuna sistemasynyň gaty gowşaýandygyny, şu sebäpli ýaş gelinleriň örän köpüsiniň dogurmaga ukypsyzdygyny lukmanlar aýdýarlar. Halkyň arasynda her hili keselçilik köpelýär. Şor toprakda awy bilen kemala getirilen hyýardyr pomidorlary gyş üçin basyp bolanok. Olar örän çalt zaýalanyp, zibile taşlanmaly bolýar. Hem arly ýylyň dowamynda zähmet çeken daýhanyň azaby reýgan bolýar, hem halk gyşa gök önüm zapasyny basmakdan mahrum bolýar. Ummasyz pullar çykarylyp çekilýän türkmen kölünden entek türkmen topragyna haýyr ýok. Oňa şor suw akabalary çekilýän-de bolsa, heniz topragyň şorunyň ýuwuljakdygy hakdaky gürrüňler erteki pisint bir zat bolup dur.

Türkmen bazary elbetde, käşir-sogansyz, kartoşkasyz däl. Söwdagärler bazarlary daşary ýurtlaryň gök önümlerinden doldurýarlar. Eýran kartoşkalary, soganlary, hyýarlary türkmenleri ekleýär. Elbetde, Eýrandan gelýän gök önümleri-de gaty uzak saklap bolanok. Olar hem çalt çüýräp, zaýalanýarlar we suwa öwrülip galýarlar. Näme-de bolsa, türkmen topragynda bitenlerden ganymadrak.

Hökümet halk nämedir bir zatlar tapyp iýse, şükür edýäne meňzeýär. Ýogsam bolmasa, daşary ýurtlardan getirilýän gök-önümler üçin daşary ýurda näçe gyzyl pullaryň-da gidýändigi hakda pikir öwrüp bilýän bar bolsa, daşary ýurtdan önüm getireniňden öz topragyňy düzedeniň amatly. Dünýede çäresiz zat ýok. Ýeriň şory bilen gurçugyny aýyrmak hökümet üçin beýle kynam däl bolmagy mümkin. Ýöne, bu işi başarmak üçin Watana, halka çyndanam hyzmat etmek duýgyň bolmaly.
XS
SM
MD
LG