Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtly parlamentçiler Aşgabada bardy


Düýn “Türkmenistan. Altyn Asyr” Internet sahypasynyň beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky dialogy ösdürmek däbi boýunça Günbatar balkanly we Merkezi aziýaly parlamentçiler Aşgabada bardylar.

“Aýal gyzlary syýasy we jemgyýetçilik durmuşda ähli mümkinçilikler bilen üpjün etmek barada praktikalary alyş çalyş etmek” atly Aşgabatda açylyan foruma gatnaşýan myhmanlaryň arasynda bosniýaly, hersogowinaly, makedoniýaly, çernogoriýaly, gazagystanly, gyrgyzystanly we täjigistanly myhmanlar bar diýip Internet sahypa ýazdy.

Düýn Daşary işler ministrliginde garalan esasy tema özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy diýip “Türkmenistan. Altyn Asyr” internet sahypasy düýn ýazdy.
XS
SM
MD
LG