Sepleriň elýeterliligi

Yragyň parlamentinde hüjümler boýunça diňlenşik geçirilýär


Şu gün Yragyň parlamentinde iki gün mundan ozal amala aşyrylan hüjümler bilen baglanyşykly diňlenşik geçirilýär.

Bu diňlenşikde hüjümçileriň nädip partlamalary amala aşyrandygy baradaky sowallara ýurduň premýer-ministri Nuri al-Maliki we onuň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri jogap berler diýlip garaşylýar.

130-a golaý adamyň ölümine sebäp bolan bu hüjümler bilen baglanşykly düýn bagdadyň howpsyzlygyna jogapkär ýokary derejeli harby resmisi wezipesinden boşadyldy.

Käbir maglumatlara görä bu hüjümiň jogapkärçiligini Yrakdaky Al Kaýda topary öz üstüne alypdyr.
XS
SM
MD
LG