Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda ekstremizimde aýyplanyp 5 amerikan raýaty tussag edildi


Päkistanda ekstremizimde aýyplanyp 5 amerikan raýaty tussag edildi. Päkistanyň resmileriniň beren maglumatyna görä, bu adamlar Päkistanyň Penjap welaýatynda ele salnypdyr.

Käbir maglumatlara görä, tüssag edilen amerikan raýatlary bilen üç päkistanly hem-de beýleki ýurtlaryň birnäçe raýatlary hem tussag edilipdir.

ABŞ-nyň resmileri tussag edilenleriň geçen aý Wirjiniýa ştatynda dereksiz ýiten ýaşlaryň bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Şonda duýdansyz öýlerini terk eden ýaşlaryň öz dogan garyndaşlary bilen hoşlaşyp ýazan wideo ýazgysynda “musulmanlar goraga mätäç” diýendikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG