Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Öň Gyrgyzystanyň Howpsyzlyk geňeşinde işlän Januzakow ýenjildi


Düýn giçlik Bişkekte öň Gyrgyzystanyň Howpsyzlyk geňeşinde işlän Bolot Januzakow urulyp ýenjildi. Ol agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi.

Januzakowyň aýaly Jumagul Januzakowanyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, hüjümçiler onuň adamsynyň gymmatbahaly zatlaryna hem pulyna degmändirler. Şonuň üçin bu hüjümiň syýasy aheň bilen amala aşyrylandygyny Jumagul Januzakowa aýdýar.

Hut şol günüň özünde Bişkekde gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Aleksandr Knýazew hem urulyp ýenjildi. Knýazewe 4 adamyň topulyp, ony urup, elindäki kompýuterini hem dokumentlerini alandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG