Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti hytaýly žurlanlistler bilen duşuşdy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň iri habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri bilen duduşyp, olaryň sowallaryna jogap berdi.

Bu duşuşyga Hytaýyň Sinhua habarlar gullugynyň, Hytaýyň Halkara radiosynyň, şeýle hem bu ýurduň iri metbugat neşirleriniň - “Guanmin žibao” we “Ženmin žibao” gazetleriniň habarçylarynyň gatnaşandygyny “Türkmenistan. Altyn asyr” internet gazeti maglumat berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň Hytaýyň žurnalistleri bilen geçiren duşuşygynyň 14-nji dekabyra planlaşdyrylan uzaklygy 7000 kilometre barabar Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň açylyş dabarasy mynasybetli geçirilendigi habar berilýar.

Şol dabara Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçysy Hu Szintaonyň, Gazagystanyň hem Özbegistanyň liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG