Sepleriň elýeterliligi

Ýurtdan çykarylmaýan studentler boýunça resmi düşündiriş ýok


Daşary ýurtlarda okaýan we Türkmenistanyň raýaty bolan jemi 150 töweregi studente 2009-njy ýylyň awgust aýyndan bäri öz okuwlaryny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykmaga rugsat berilmän gelýär. Bu maglumaty “Frans Press” habar agentligi 6-njy dekabrda ýaýratdy.

Şol talyplardan azyndan 65-si hem ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary okuw jaýynda dürli programmalar boýunça okaýan studentlerdir.

Netijede bu mesele şol okuwçylar bilen bir hatarda Amerikanyň ýolbaşçylaryny hem birahat edýär. Bu mesele barada Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we medeniýet bölüminiň ýolbaşçysy William Stewens bilen Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistany terk etmäge rugsat edilmedik studentler bilen bagly sizde nähili täzelik bar?

William Stewens: Biziň maglumatymyza görä, şol studentler henizem ýurdy terk edip bilmän gelýärler. Elbetde, biz Bişkekde ýerleşýän Amerikan Uniwersitetiniň okuwçylary barada gürrüň edýäris.

Azatlyk Radiosy: Ilkibaşda şol studentlere Gyrgyzystana gitmäge näme üçin rugsat edilmändi? Siz bu barada ýolbaşçylar bilen duşuşan bolmaly, olar size näme jogap beripdiler?

William Stewens: Öň hem yzygiderli belläp geçişim ýaly, biziň bu baradaky soraglarymyza resmi taýdan hiç haçan jogap berilmedi. Olaryň ýurdy terk etmegine rugsat edilmezliginiň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş berilmedi.

Biziň düşünişimize görä, Türkmenistanyň hökümeti şol studentlere daşary ýurtlara çykmaga rugsat edilmeýänligi baradaky wakany ykrar etmeýär. Emma haçan-da olar ýurdy terk etmek üçin aeroporta baranlarynda, şol studentlere atlarynyň daşary ýurtlara sapar etmegi gadagan edilen adamlaryň sanawyndadygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy: Bişkekde okaýan şol studentlere Gyrgyzystana gitmäge rugsat edilmänsoň, olaryň Bolgariýada ýerleşýän Amerikan Uniwersitetine ugradylmagy barada pikir orta atylypdy, bu pikir nireden peýda boldy?

William Stewens: Bu biziň Aşgabatdaky ilçihanamyz hemem döwlet departamenti tarapyndan orta atylan inisiatiwady. Sebäbi Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary şol studentleriň Bolgariýada ýerleşýän Amerikan Uniwersitetine ugradylan ýagdaýynda, olara ýurdy terk etmäge rugsat ediljekdigini aýdypdylar.

Bu mesele ençeme ýerde we dürli derejedäki Türkmen ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda orta atyldy.

Azatlyk Radiosy: Şol studentler Bolgariýa gitmekçi bolanlarynda, näme diýildi, olara näme üçin ýurtdan çykmaga rugsat edilmedi?

William Stewens: Bolgariýa gitmek isleseler, hiç hili päsgelçiligiň döredilmejegini aýdypdylar.

Azatlyk Radiosy: Onda näme boldy, olar näme üçin Bolgariýa gidip bilmediler?

William Stewens: Men onuň sebäbini bilemok.

Azatlyk Radiosy: Siz bu ugurda hökümet ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiren bolmaly?

William Stewens: Öň hem aýdyşym ýaly, bize bu barada hiç haçan resmi taýdan jogap berilmedi. Olaryň näme üçin ýurtdan çykmagyna rugsat edilmänligi barada bize hiç hili düşündiriş berilmedi.

Azatlyk Radiosy: Habarlardan mälim bolşuna görä, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton hem Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Nýu Ýorkda bolan duşuşygynda bu meseläni gozgapdyr. Bu gepleşikden hiç hili netije çykmadymy?

William Stewens: Men studentler bilen bagly bu meseläniň türkmen ýolbaşçylarynyň öňünde dürli duşuşyklarda goýlanlygy barada beren maglumatymda şol duşuşyga-da salgylanypdym. Şol duşuşyklarda gürrüňi edilýän Türkmen studentleriniň Bolgariýa iberilmegi barada hiç hili kynçylygyň döremejekdigini aýdyp, bizi ynandyrypdylar.

Elbetde, bu duşuşyk Bişkekdäki uniwersitetiň studentleriniň Bolgariýa gitmäge synanyşmagyndan birnäçe hepde öň geçirilipdi. Olar Bolgariýa gitmek üçin aeroporta baranlarynda welin, olara ýurtdan çykmaga rugsat edilmedi.

Azatlyk Radiosy: Jenap William, onda Bişkekde okuwlaryny dowam etdirmäge rugsat edilmedik şol studentlere mundan beýläk näme garaşýar?

William Stewens: Türkmen-Amerikan stipendiýa programmasyna degişli studentleriň sany 65 töweregidir. Bu döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilen programma. Bu programmanyň çäginde olara Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň stilinde dört ýyl ýokary bilim almaga mümkinçilik berilýär. Olara Türkmenistandan çykmaga rugsat edilmänligine garamazdan, biz şol studentleriň ýokary okuwlaryny tamamlamagy üçin olara her hili kömek bermäge taýýar.

Şol studentleriň Türkmenistanda öz ýokary okuwlaryny tamamlamagy üçin dürli mümkinçilikleri öwrenýäris we bu ugurda iş alyp barýarys.

Azatlyk Radiosy: Şol mümkinçilikler nämelerden ybarat? Bu barada maglumat berip biljekmi?

William Stewens: Bu barada öwrenilýän proýektlerden iň gowusy belki gaýybana ýa-da internet arkaly geçiriljek sapaklar bolup biler. Elbetde, muňa garamazdan, biz şol studentleriň Bolgariýa baryp, öz ýokary okuwlaryny tamamlamaga rugsat edilmegi üçin tagallalarymyzy dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Bize gowuşýan maglumatlarda aýdylyşyna görä, şol studentlerden käbirleri özleri bilen bagly meseläni amerikan wekilleriniň, ýagny Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işgärleriniň ýatdan çykaranlygyny aýdýarlar. Bu barada siz näme diýmekçi?

William Stewens: Öň hem aýdyşym ýaly, biz bu meseläni türkmen hökümetiniň wekilleriniň öňünde ençeme ýerde we ençeme gezek gozgadyk hem-de biz bu baradaky aladalarymyzy dowam etdireris.

Meniň özüm şol studentleriň onlarçasy bilen duşuşdym we olaryň ene-atalary bilen pikir alyşdym. Biz şol studentleriň okuwlaryny tamamlamagy üçin elimizden gelen kömegi etmäge taýýar.

Azatlyk Radiosy: Alyş-çalyş programmalaryňyz boýunça mundan beýläk nähili iş alyp barmagy planlaşdyrýarsyňyz. Sebäbi bu häzirki döwürde uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaly görünýär?

William Stewens: Häzirki döwürde biz şeýle kynçylyk bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolduk.

Alyş-çalyş programmalarymyzyň beýleki proýektleri boýunça alnyp barylýan işlerde hiç hili päsgelçilige duş gelmedik, olar bilen bagly işler kadaly dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Ýurtdan çykmaga rugsat edilmegine we öz ýokary okuwlaryny tamamlamagyna mümkinçilik berlerine garaşyp oturan şol studentlere siz nähili maslahat bermekçi? Olar näme etsinler?

William Stewens: Haçan-da men olar bilen duşuşanymda, bu ugurda edilýän işler we täzelikler barada olara doly maglumat berýärin. Biziň gürrüňini edýän gaýybana okuw programmamyzy ýanwar aýyndan başlamagy planlaşdyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Siz bu meseläni Türkmen ýolbaşçylarynyň öňünde goýanlygyňyzy we mundan beýläk-de bu işi dowam etdirjekdigiňizi ençeme gezek gaýtaladyňyz. Bu gepleşiklerden anyk bir netijä garaşyp bolarmy?

William Stewens: Bu diplomatik ugurdan geçirilýän gepleşiklerdir. Şeýle duşuşyklarda käbir halatlarda takyk netije gazanylýar we käbir halatlarda-da gazanylanok, onsoň gepleşikleri dowam etdirmeli bolýar. Bu diplomatiýanyň özenidir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG