Sepleriň elýeterliligi

Berlen wadalar ýatdan çykdymy?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik kasamyny kabul edýär, 14-nji fewral, 2009-njy ýyl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik kasamyny kabul edýär, 14-nji fewral, 2009-njy ýyl.

Türkmenistan öz milli garaşsyzlygyna gowşaly bäri beýleki ençeme ugurlar bilen bir hatarda adam hukuklary meselesinde-de halkara guramalar tarapyndan yzygiderli tankyt edilip gelinýän ýurtlaryň biri.

Hukuk goraýjy halkara guramalar tarapyndan ýaýradylan ýyllyk hasabatlarda bu ýurt iň pes görkezijä eýe bolup, oňa Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda orun berlip gelinýär.

2006-njy ýylda öňki prezident Nyýazow aradan çykansoň, onuň deregine häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda käbir reformalaryň amala aşyryljakdygyny aýdyp, il arasynda umyt döredipdi.

Berdimuhamedow 2008-nji ýylda eden çykyşlarynyň birinde adam hukuklaryny gowulaşdyrmak boýunça öz planlary barada şeýle pikiri öňe sürüpdi: “Meniň öňümde goýan baş maksadym – adamynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan, kanunlaryň hemmeler üçin deň we hökmany bolmagyny üpjün etmekden, ösen ýokary düşünjeli jemgyýeti gurmakdan ybaratdyr”.

Heniz ýagdaý üýtgemedi

Bu pikiriň 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda öňe sürülmeginden bäri iki ýyl töweregi wagt geçdi. Emma adam hukuklarynyň halkara güni bellenilýän häzirki döwürde Türkmenistan henizem ynsan haklaryny gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda galýar.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasynyň 2009-njy ýyl boýunça ýaýradan hasabatynda Türkmenistan iň pes baha, ýagny ýedinji derejeli görkezijä mynasyp boldy.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Amnesty International”, ýagny Halkara günägeçiş guramasy hem bu ugurda Türkmenistany yzygiderli tankyt edýän toparlardan biri.

Ady agzalýan guramanyň metbugat wekili Lidiýa Aroýo ýakynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, türkmen hökümetiniň adam hukuklary boýunça öz wezipesini berjaý etmegi wada berendigine garamazdan, ýurtda syýasy äheňli gorkuzmalar we tussag etmeler dowam edýär diýip, bu barada “Amnesty International” guramasynyň ençeme gezek alada bildirendigini aýtdy.

“Freedom House” guramasynyň 2009-njy ýyl boýunça ýaýradan hasabatynda aýdylyşyna görä, Türkmenistanda syýasy we graždan azatlyklary meselesi iň uly problemalardan biri bolup galýar. Saylawlaryň erkin we adalatly geçirilmezligi, metbugat, söz we hereket azatlygyna ýol berilmezligi hem bu ýurt bilen bagly alada döredýän temalardan biridir diýip, şol hasabatda nygtalýar.

Türkmenistanyň borçlary

Türkmenistan BMG bilen bir hatarda ençeme halkara guramalara agza ýurt, diýmek, ol bu guramalaryň gymmatlyklaryny berjaý etmäge borçly. Şol guramalardan biri hem 56 agzadan ybarat ÝHHG, ýagny Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasydyr.

Bu guramanyň Demokratiýa we Adam Hukuklary boýunça Institutynyň metbugat wekili Jens-Hagen Esenbaher agza ýurtlaryň boýun alan borçlaryny şeýle düşündirdi: “Bu borçlar söz azatlygy, graždan jemgyýetçilik toparlaryny döretmekligi, ýygnanyşmak hukugy, hereket azatlygy bilen bir hatarda adam gynamalary bes etmek ýaly düzgünleri öz içine alýar. Şeýle-de ÝHHG-niň Kopengagen jarnamasynda saýlawlaryň nähili geçirilmelidigi bilen bagly möhüm bir madda bar. Ol maddada saýlawlarda halkyň garaýşynyň nähili hasyl bolmalydygy anyk görkezilýär”.

Adamlaryň graždanlyk hukuklarynyň kemsidilýänligi baradaky mesele düýbi Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasy tarapyndan hem gaýta-gaýta gozgalýan meselelerden biri.

Ady agzalýan guramanyň 2009-njy ýyl boýunça ýaýradan hasabatynda aýdylyşyna görä, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda wyždan ýesirleri bilen bagly hem ençeme wakalar ýüze çykdy.
Biz prezident Berdimuhamedowa ýollan ýüzlenmämizde adam hukuklary barada düýpli reformalaryň geçirilmegini talap etdik.


Guramanyň metbugat wekili Lidiýa Aroýonyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, olar bu baradaky aladalaryny Berdimuhamedowa hem ýollapdyrlar: “Biz prezident Berdimuhamedowa ýollan ýüzlenmämizde adam hukuklary barada düýpli reformalaryň geçirilmegini talap etdik. Bendilere jebir bermeli däldigini we wyždan ýesirleriniň azat edilmeginiň zerurdygyny aýtdyk. Şeýle-de din, söz we metbugat azatlygyna garşy girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny talap etdik. Bu hili düzgünleri berjaý etmek üçin syýasy erk-isleg bilen bir hatarda jogapkärçilikli çemeleşmeklik zerurdyr”.

Lidiýa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynyň dowamynda Türkmenistanyň bu jogapkär wezipeleri berjaý etmegi üçin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan basyş edilmeginiň zerurdygyny hem mälim etdi.

Bu soragy ÝHHG-niň wekili Jens Hagen Esenbahere berenimizde, ol Türkmenistana bu ugurda basyş etmäge ygtýarlarynyň ýokdugyny belläp, ýöne, eger-de Türkmenistan ýurtdaky bu ýagdaýy üýtgetmek islese, ÝHHG-niň Aşgabada geregiçe ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň iň uly biznes hyzmatdaşlaryndan biri bolan Ýewropa Bileleşigine hem bu ugurda Aşgabada basyşyny artdyrmalydygy barada hukuk goraýjy guramalar tarapyndan edilýän talaplar barha artýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG