Sepleriň elýeterliligi

Soňky ýyllarda Türkmenistanda berilýän sadakalaryň sany günsaýyn artýar.

Adamlaryň: «Ýeri, berilýän sadakalar bilen nä işiň bar? Her kim sadakany ýüreginden çykaryp berýä. Sadaka bermek aýyp zat däl ahyry!» diýmegi mümkin.

Size gürrüň berjek sadakalarym bütinleý başga sadakalar. Özem onuň gözbaşy garaşsyzlyk döwrüniň ilkinji ýyllaryndan başlanypdy.

Ilde-günde ýok şeýle sadakalaryň inisiatory çagalar şahyry bir inteligensiýa wekili boldy. Ol 1992-nji ýylda öz howlusynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň baş saglygyna sadaka berdi. Howlusynyň görnükli ýerinde prezidentiň portretini asyp, märeke baryny üýşürdi. Şol sadakasy üçin ol prezident Nyýazowdan gymmat bahaly, brilliant ýüzügi sowgat aldy.

Onuň beren sadakasyna gelmedik ýazyjylaryň spisogy düzülip, şol wagt Ministrler Kabinetinde ideologiýa gözegçilik edýän bir işgäre eltilip berlip, olaryň köpüsine käýinç berildi.

Sadaka barýanlaryň arasynda her dürlüsi bar. Onuň sadakasyna baranlaryň arasynda-da dilini salajan goýberenlerem tapyldy. «Sadaka berjek bolsaň, ilki eneň-ataňa berseň bolmaýarmy? Diri adama-da bir sadaka berlermi! Beýle-de bir ýaranjaňlyk bor oguşýa!» diýip, oňa igenenlerem kän bolupdy.

Orslarda «Дурной пример заразителен» (Ýaramaz göreldäni çalt alyp göterýärler) diýen gowy nakyl bar. Onuň başyny başlan ýaramaz göreldesi-de ýokanç kesel ýaly ýaýrap gitdi.

Şodur şodur...

Şondan soň ýurtda Saparmyrat Nyýazowyň baş saglygyna berilýän sadakalar köpelip başlady. Bu «hora» edaradyr kärhanalar, ministrliklere çenli goşulyp, sözüň doly manysynda, sadaka bermek boýunça ýaryş guraldy.

Nyýazowyň baş saglygyna sadaka berle-berle, ahyry ony gara ýere duwladylar. Şunuň bilenem sadaka berlişikler gutarylar öýdüldi.

Gynansak-da, beýle bolmady. Niredendir bir ýerden ýene-de ýaranjaňlar tapylyp, ýurt baştutanynyň baş saglygyna sadaka bermek «dessury» dowam etdirildi.

Indi baýrak alan, medal alan, orden alan hökman goýun soýup, märeke üýşürýär hem-de “hormatly” prezidentiň baş saglygyna sadaka berýär. Erbet ýeri, bu ýagdaý ýene Nyýazowyň döwründe bolşy ýaly, köpçülikleýin häsiýete eýe bolup barýar.

Ýurtda halkara derejesinde ýygnanyşyklar, maslahatlar, konferensiýalar, sergiler geçirilende ýa-da ýurt, etrap, oba, mekdep, edara, kärhana… derejesinde çäreler geçirilende-de olaryň soňundan ýurt baştutanynyň baş saglygyna sadakalar berilýär. Öňler mydama näsag bolan Nyýazowyň baş saglygyna sadaka berilmesine endik eden halkyň arasynda ýene-de sadaka berlişikleriň köpelip ugramagy «Bu bende-de näsagmyka?» diýen pikiriň oýanmagyna getirýär.

Sadakalaryň geçirilişi barada-da birki agyz aýtmak gerek. Sadakalarda azyndan üç-dört tagam bişirilýär. Her dürli salatlar, süýji-kökeler, almadyr narlar, üzümler, bananlar, kişmişler, kişdeler, her dürli suwlar…saçaga goýulýar. Garaz, sanasaň, sogaby bar. Çykdajy bary edilýär. Özem döwletiň hasabyna.

Ritoriki sowal

Bärde ritoriki sowal ýüze çykýar. Eýsem, döwletiň hasabyna döwlet ýolbaşçysynyň baş saglygyna berilýän sadakalar Allatagalanyň dergähinde kabul bolýarmyka? Yslam dininiň kada-kanunlaryna laýyklykda sadaka üçin çykdajylar sadaka edýän kişiniň öz jübüsinden çykarylmaly. Kimdir birini gowy görýän kişiler gowy görýän kişisiniň baş saglygyna isledigiçe sadaka berip biler, ýöne ony döwletiň hasabyna däl-de, öz hasabyna bermeli.

Sadaka aslynda aja, mätäje berilmeli. Döwetiň pulunyň hasabyna ministrler bolup üýşäge-de oturşyk gurap, oňa-da «sadaka» diýmeli däl. Ýurt baştutanynyň baş saglygyna berilýän sadakalara köplenç halatda ýolbaşçy işgärler çagyrylýar. “Garamaýaklar” beýle sadakalara gatnaşdyrylmaýar. Tüýs «Baýam baýa berer, Hudaýam baýa» diýleni.

Döwlet ýolbaşçysynyň baş saglygyna berilýän sadakalaryň çöwre ýüzi-de bar. Ýagny, sadaka çäresini gurnaýan käbir nebsiniň ýesirleri sadaka üçin edilen çykdajylaryň hasabyny ýazanlarynda pagtadyr galla hasyly ýygnalanda edişleri ýaly, artdyryp ýazýarlar. Şeýdibem, sadakalaryň hasabyna jübülerini galňadýarlar.

Ogurlygyň, onda-da ýokary wezipelerdäki adamlar tarapyndan edilýän ogurlygyň sadaka ýaly, iň mukaddes görülýän zatlara-da geçmegi böwrüňi diňledýär. Ýolbaşçylar döwlet baştutanynyň baş saglygyny bahanalap, sadakalaryň üsti bilenem gyrp-çyrp edip galýarlar welin, ine şu ýerde aýdara sözem galanok...

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG