Sepleriň elýeterliligi

Human Rights Watch Özbegistan babatda beýanat ýaýratdy


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch guramasy Özbegistanda geçiriljek Parlament saýlawlarynyň bosagasynda bu ýurtda ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistlere görkezilýän basyşlaryň we zorluklaryň güýçlenendiginden alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Holli Kartner bu barada ýaýradan beýanatynda 27-nji dekabrda geçiriljek saýlawlaryň bosagasynda aktwistleriň ýanalmaklarynyň we olara garşy edilýän hüjümleriň artandygyny nygtapdyr.

Human Rights Watch guramasy edil häzirki wagt Özbegistanyň häkimiýetleriniň ynsan hukuklarynyň gowulanmagy babatynda hiç hili öwgä mynasyp däldiklerini aýdýar.
XS
SM
MD
LG