Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň goranmak ministri Owganystana sapar etdi


Şu gün Germaniýanyň goranmak ministri Karl-Teodor zu Guttenberg şu ýylyň sentýabrynda Owganystanda köpsanly parahat ýaşaýjylaryň ölümine getiren howa hüjüminiň bolan ýerine sapar etdi.

NATO güýçleriniň gurnan bu howa hüjümi germaniýaly harby komandiriň beren görkezmesi boýunça amala aşyrylypdy. Şonda takmynan 40 töweregi parahat ýaşaýjy öldi diýlip hasaplanylýar.

Bu waka Germaniýanyň hökümetinde we Parlamentinde käbir syýasy dawalaryň hem ýüze çykmagyna getirdi.

Geçen aý Germaniýanyň goranmak ministri bu hüjüm bilen baglanyşykly maglumatlary bassyr-ýussur etmekde aýyplap, ýurduň harby güýçleriniň baş ştabynyň komanduýuşisini wezipesinden boşatdy.
XS
SM
MD
LG