Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda tussag edilen amerikly studentler ABŞ-a deportasiýa edilip bilner


Şu gün Pakistanyň polisiýasy terrorçylykly işlere dahyllylykda güman bildirilip, tussag edilen bäş sany amerikaly musulman studentleriniň Birleşen Ştatlara deportasiýa edilmekleriniň mümkindigini aýtdy.

Terrorçylykly hüjüm gurnamaklygy planlaşdyranlykda guman ädilýän amerikaly ýaş oglanlary sorag ätmek işine Pakistanyň howpsuzlyk işgärleri bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk işgärleri-de gatnaşýarlar.

Pakistanyň resmileri bu ýaş oglanlaryň Pakistana barmazlaryndan öň jihadçi toparlar bilen internet arkaly maglumat alşyp, soňra olar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin Pakistana barandyklaryny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG