Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýada prezidentlik saýlawlaryndaky sesler boýunça derňew geçiriler


Şu gün Rumyniýanyň Konstitusion sudy geçen ýekşenbe güni ýurtda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndaky berlen sesler boýunça derňew geçirilmegine görkezme berdi.

Bu barada derňew geçirilmegini sorap, Rumyniýanyň Sosial Demokratik partiýasy suda ýüz tutdy. Ýekşenbe günki saýlawlarda bu Sosial Demokratik partiýadan prezidentlige dalaş eden Mirseýa Geoana Traýan Baseskudan bary-ýogy 70 müň sesi az aldy.

Ses sanaýyşlyklaryň barşynda bolsa 138 müňe golaý ses nädogry berlen ses hökmünde sanawdan öçürildi.
XS
SM
MD
LG