Sepleriň elýeterliligi

Ýewloýewi öldüren milisiýa işgäri iki ýyl azatlykdan mahrum


Şu gün Inguşystanyň sudy oppozision garaýyşly belli žurnalist Magomed Ýewloýewi atyp öldüren ýerli milisiýa işgärini iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Žurnalist Magomed Ýewloýew 2008-nji ýylyň ahyrynda ýerli tussag izolýatorynda saklanýan wagty atylyp öldürilipdi. Ony atan milisiýa işgäri Ibragim Ýewloýewe sud «tötänlikde adam öldürmekde» günä bildirdi we ony şertli zähmet düzediş koloniýasynda iki ýyl tussaglykda oturmaklyga höküm etdi.

Ýerli oppozisiýa aktiwistleri žurnalist Magomed Ýewloýewiň bilkastlaýyn janyna kast edilip öldürilendigini öňe sürýärler. Žurnalistiň maşgala agzalary şu gün suduň çykaran bu kararyndan şikaýat edip, ýokary suda ýüz tutjakdyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG