Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jygyllyga gidenler ahmyrda galdy


Ýekşenbe güni, ýagny 13-nji dekabrda şäheriň eteginde ýerleşýän jygyllyk bazaryna eltýän esasy ýollaryň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan ýapylmagy sebäpli, söwda-satyk üçin bazara giden paýtagtyň ýaşaýjylary kösençlik çekmeli boldular.

Jygyllyk bazary hepdäniň penşenbe, şenbe hem-de ýekşenbe günleri işleýär. Emma ýekşenbe gününde bu bazaryň mähellesi has-da köp bolýar. Ulaglardan, söwda-satyga gelen adamlardan bazaryň daş-töweregi hümer bolýar. Dynç güni jygyllyga eltýän esasy ýollardan ulaglar hem köp gatnaýar.

13-nji dekabrda bazara barýan esasy ýollar Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan ýapylyp, ulaglar beýleki ýollara sowuldy. Juda köp mukdardaky maşynlaryň dar köçelere sowulmagy netijesinde ençeme kilometre eltýän dykynlar döredi.

Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan bazara eltýän esasy ýollaryň ýapylmagynyň sebäbi 14-nji dekabrda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýokary derejeli myhmanlaryň ýekşenbe güni paýtagta gelmegi bilen baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintao, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti N.Nazarbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Y.Karimow dagy gatnaşarlar.

Bu döwletleriň baştutanlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin 13-nji dekabrda paýtagtyň köp köçeleri ýapyldy. Polisiýanyň işgärlerine bolsa artdyrylan güýçde gözegçilik etmeklik tabşyryldy.
XS
SM
MD
LG