Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň premýer ministri Berluskoni keselhana düşdi


Öten agşam Italiýanyň Milan şäherinde ýurduň premýer-ministri Silwio Berluskoniniň ýüzüne bir ýerli ýaşaýjynyň bir agyr predmet bilen urmagy netijesinde, Berluskoni keselhana düşdi.

Bu waka Milan şäherinde köpçülikleýin ýöriş geçirilende premýer-ministr Berluskoniniň öz tarapdarlarynyň öňünde söz sözläp eden çykyşynyň yzýany ýüz berdi.

Italiýanyň polisiýasy akyl taýdan sagdyn däl diýlip güman edilýän bir 42 ýaşly erkek adamyň Berluskoniniň ýüzüne kiçiräk bir heýkel bilen urandygyny habar berdi.

Maglumata görä, bu hüjümiň netijesinde 73 ýaşly premýer-ministr Silwio Berluskoniniň burun süňki we iki sany alyn dişi döwlüpdir, şeýle hem dodagy çapylypdyr.

ANSA habar agentligi oňa hüjüm eden adamyň soňky 10 ýylyň dowamynda psihiki taýdan bejeriş alyp gelýän adamdygyny habar berýär.

Maglumata görä, bu wakanyň yzy bilen hüjümçi dessine tussag astyna alnypdyr we onuň psihoterapewt doktory hem polisiýa tarapyndan soraga çagyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG