Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bagdatdaky partlamalar bilen bagly 13 adam tussag edildi


Düýn Yragyň içeri işler ministri Jawad al-Bolani geçen hepde Bagdatda yzly-yzyna amala aşyrylan partlamalara dahylly 13 adamyň tussag edilendigini mälim etdi.

Yragyň Parlamentinde eden bu baradaky çykyşynda Jawad al-Bolani içeri işler ministrliginiň suda hödurlän degerli delilleriniň esasynda bu aýyplanýanlara suduň ölüm jezasyny bermek barada karar çykarandygyny hem aýtdy.

Düýn Yragyň içeri işler ministri bilen birlikde goranmak we milli howpsuzlyk ministri-de bu waka bilen baglanyşykly alnyp barlan işler barada Parlamentde ýörite hasabat bilen çykyş etdiler.

Geçen hepdäniň sişenbe güni Bagdatda amala aşyrylan şol giň gerimdäki partlamalarda jemi 127 adam ölüp, 450 töweregi adam hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG