Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejat Hamas toparyna goldaw bermeklige söz berdi


Düýn Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat Ysraýyla garşy göreş alyp barýan Palestinanyň söweşjeň Hamas toparyna goldaw bermeklige söz berip, çykyş etdi.

Hususan-da, düýn Eýrana sapar edýän Hamasyň lideri Haled Meşaal bilen duşuşygy wagtynda prezident Ahmedinejat Ysraýyl doly weýran bolýança Eýranyň palestin halkynyň arkasynda durjakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG