Sepleriň elýeterliligi

Bitaraplyk durumy baradaky tezis resmi propagandanyň iň aktiw gurallarynyň biri.

Bu ýagdaý täze häkimiýet bilen gelmedi. Bu hadysa bat, öwüşgin beren özüni milletiň atasy diýip atlandyran öňki prezidentdi. Ol, öz düşünişine görä, bitaraplyga ”atalygyny” siňdirdi, olary biri-birine berk baglady. Şu görkezmä uýmaga ähli watandaşlaryny borçly etdi. Ol makalalarynyň birinde “bitaraplyk filosofiýasy türkmen halkynyň ganynda bar” diýip ýazdy. Bu pikire garşy çykanyň başyna nämeleriň injegini hemmeler bilýärdiler. Ähli zadyňdan mahrum bolmak howpy bardy.

Bitaraplyk kimiň ideýasy?

Türkmenbaşynyň baş opponentlerinden biri, öňki Daşary işler ministri Boris Şyhmyradow türkmen türmesinde dereksiz ýitirim boldy. Oňa 2002-nji ýylyň ahyrynda sud edildi, şondan bärem onuň ykbaly barada hiç zat belli däl. Ol daşary ýurtlarda emigrasiýada wagty Azatlyk Radiosyna beren interwýularynyň birinde: “Bitaraplyk statusy baradaky ideýa Nyýazowyň tapan zady däl, ony ýurtdaky başga syýasatçylar öňe sürüpdiler” - diýipdi.

Şol syýasatçylar bitaraplygyň daşarky dünýäden üzňeligi aradan aýyrjakdygyna ynanýardylar. Bitaraplygyň özi beýleki ýurtlar bilen arada aragatnaşyk köprüsini gurmagy göz öňünde tutýardy. Şyhmyradowyň sözlerine görä, Nyýazow bu ideýany öz adyna geçirip, onuň manysyny, maksadyny çepbesine çöwrüpdi.

Türkmenistanyň bitaraplygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy esasynda hasaba alyndy. “Bu rezolýusiýa kabul edilmezden öňem Türkmenistan bitarap syýasat ýöredip, bitaraplygy iş ýüzünde amala aşyryp geldi” - diýip, Nyýazow nygtaýardy.

Nyýazow bu işiň başlangyjy 1992-nji ýylyň iýul aýyndan başlandy hasap edýärdi. Şol wagt Helsinkide Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça sammit bolupdy. Maslahatda çykyş eden Nyýazow ilkinji gezek garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasat ugrunyň prinsipial mazmunyny pozitiw bitaraplykda görýändigini aýdypdy.

Başga maksatlar üçin ulanyldy


Ýöne ol diňe bir daşary syýasat ugry bilen çäklenmändi. Sebäbi, Boris Şyhmyradowyň pikiriçe, Nyýazowyň tagallasy bilen bitaraplyk ýurduň içerki durmuşyna-da güýçli täsir ýetiripdi. Türkmenistany daşarky dünýäden üzňeleşdirmek, ýurdy izolýasiýada saklamak üçin ol öňki prezident tarapyndan ussatlarça ulanylypdy.

Şol statusa, ýagny duruma esaslanyp, ýurtdan çykmak hem ýurda gelmek berk çäklendirildi. Ýaşlar üçin daşary ýurtlarda okamak býurokratiýa bilen hemişelik urşa öwrülipdi. Daşarky dünýä bilen aradaky köprüler bitaraplygy goramak baýdagynyň astynda çym-pytrak bolup, ýumrulypdy. Ideýa hökümdaryň dürli oýunlaryna tabyn edildi.

Paradoks bilen tamamlandy

Bu iş uly bolmadyk paradoks bilen tamamlandy. Türkmenistanyň pozitiw baky bitaraplygy diýip, resmi propaganda gije-gündiz gaýtalan-da bolsa, şol bitaraplyk Türkmenistany dünýäniň iň bir ýapyk ýurduna öwürdi. GDA bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ýoga golaý derejä ýetirildi.

Şol bir wagtda-da Türkmenistan NATO-nyň “Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk programmasyna” agza bolup galdy. Sebäbi bitaraplyk statusy anyk hem takyk ölçegleri kesgitlemeýär, onuň töweregi diňe propagandistik şygarlar bilen bellenilen. Iş ýüzünde nämäniň bitarap, nämäniň bitarap däldigini ýurtda diňe bir adam kesgitleýärdi.

Türkmenbaşynynyň dünýäsini täzelemegi bilen ýurtda bitaraplyk statusyna çemeleşme özgerdimi? Görnüşine görä, G.Berdimuhamedow nyýazowçylyk häkimiýetiň gazan çukuryndan, ýapyklykdan hem üzňelikden böwsüp çykmaga synanyşýar. Bu ýagdaý tutuş ýurduň daşarky dünýä bilen gatnaşyk saklamagyna mümkinçiligiň dörändigini aňladýarmy?

Nyýazowyň döreden dolandyryjy apparaty öňki düzgün esasynda işlemesini we ýaşamasyny dowam etdirýär. Ýeke çagyryş bilen ony dargatmak başartmasa gerek. Dünýä türkmen bitaraplygyna öz halkynyň durmuşyny we işini çäklendirýän häkimiýetiň oýun apparaty hökmünde seredýärmikä?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG