Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gazyny Hytaý Halk Respublikasyna akdyrjak gaz geçirijisi şu gün dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Türkmenistandan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrmagy göz öňünde tutýan gaz geçirijisiniň işläp başlamagynyň region üçin ykdysady hem-de syýasy taýdan öwrülişikli pursat boljagyna garaşylýar.

14-nji dekabrda Samandepe gaz ýatagynda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan- Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy. Döwlet baştutanlarynyň bellemegine görä, proýekt “Energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we energiýa ýangyçlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça meseleleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini subut etdi” diýip, “Trend Internet” saýty belledi.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 1 800 kilometrden gowrak. Turbanyň 184,5 kilometri Türkmenistanyň, 530 kilometri Özbegistanyň we 1 300 kilometri Gazagystanyň üstünden geçýär. Hytaýyň giňişliginden geçýän bölegi bolsa 4 500 kilometrden ybarat.

Gaz geçirijisiniň bähbidi

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmegi türkmen metbugatynda taryhy waka diýlip atlandyryldy. TDH Türkmenistanyň gaz serişdelerini Hytaýyň perspektiw gaz bazaryna çykarmak boýunça täze energiýa koridorynyň ähli tarapdan bähbitlidigini belledi. Maglumatda Türkmenistanyň Hytaý bilen özara hyzmatdaşlygynyň ýokary depginde ösýänligi bellenilip, geçen ýyla garanda daşary söwda dolanyşygynyň 2,4 esse artanlygy aýdyldy.
Munuň esasy ähmiýeti turbanyň Türkmenistan üçin Orsýetiň üstünden geçmeýän ilkinji uly eksport ýoly bolup durýanlygynda.


Nebit-gaz meseleleri boýunça günbatarly bilermen Jennifer DeLay Hytaýa tarap gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň Türkmenistan üçin ähmiýetini şeýle kesgitledi: “Munuň esasy ähmiýeti turbanyň Türkmenistan üçin Orsýetiň üstünden geçmeýän ilkinji uly eksport ýoly bolup durýanlygynda”.

Aşgabat bilen Pekiniň arasynda 2006-njy ýylyň aprel aýynda baglaşylan döwletara ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistandan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrmak planlaşdyrylýar.

Doly güýjünde diňe üç ýyldan işläp başlar

Emma Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi doly güýjünde 2012-nji ýyldan işläp başlar. Bu barada hususan-da “Turkmenistan.ru” internet gazeti ýazdy.

Maglumatda şeýle-de bellenişine görä, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly akdyryljak gazyň esasy mukdary “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan işledilýän Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýataklaryndan üpjün ediler, galany ylalaşylan “Bagtyýarlyk” giňişliginden alnar.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işini üpjün edýän kompleksi emele getirýän senagat we infrastruktura obýektleriniň doly işe taýýardygy barada 10-njy dekabrda hökümet maslahatynda hasabat berildi.

Orsýet metbugatynda peýda bolan sanlara görä, geljek ýylda Türkmenistandan Hytaýa 5-6 milliard kubometr gaz akdyrmak planlaşdyrylýar. Maglumatlarda Aşgabat bilen Pekin arasynda käbir ylalaşylmadyk meseleleriň-de bardygy bellenilýär.

Aşgabat bilen Pekiniň ylalaşmadyk meselesi


“Wremýa Nowosteý” gazeti Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gazyň bahasynyň henize çenli ylalaşylman galýanlygyny ýazýar.

Taraplar arasyndaky gaz söwdasynyň şertleri resmi taýdan mälim edilmeýär. Şol bir wagtda-da gazyň her müň kubometrine 100-130 dollar tölenjekdiginiň öňe sürülýänligini, munuň bolsa türkmen gazyna öz wagtynda “Gazpromyň” tolän bahasyndan has pesdigini “Wremýa Nowosteý” gazeti belledi.

Maglumata görä, 2009-njy ýylyň birinji çärýeginde Orsýet Türkmenistandan gazy her müň kubometrine 375$ satyn aldy.

Muňa garamazdan, Hytaýyň gepleşiklerdäki pozisiýasynyň güýçlüdigini, Pekiniň şu ýylyň tomsunda Türkmenistana beren 4 milliard dollarlyk kreditinden 3 milliardynyň gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin harytlaryň satyn alynmagyna, ýene 1 milliardynyň bolsa ýurduň býujetini durnuklaşdyrmak üçin gönükdirilenligini, “Wremýa Nowosteý” gazeti, resmi bolmadyk maglumatlara salgylanmak bgilen, ýazdy.

“Hytaýa tarap turba gurmak bilen çäklenmeli däl”

Frans Press agentligi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň öz nobatynda Pekin üçin aýratyn bir üstünlikdigini we bu wakanyň onuň, adatça, Moskwanyň täsiri astynda bolan energiýa serişdelerine baý regiona öz täsirini güýçlendirmek ugrunda köp ýyllap eden tagallalarynyň hasyly bolup durýanlygyny ýazdy.

Türkmenistanyň öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamow Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy nukdaý nazaryndan mohümdigini belledi. Şol bir wagtda-da Aşgabat köpugurlylyk syýasatynda Hytaýa tarap gurlan turbasyny işe girizmek bilen çäklenmeli däl, beýleki ugurlara, şol sanda Ýewropa tarap ýol açmaly diýip, N.Hanamow hasap edýär.

Türkmenistan özüniň köpugurly energiýa syýasatynyň tarapdarydygyny yglan edýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň yz ýany Aşgabat Eýrana tarap gurýan goşmaça gaz geçirijisini hem işe girizmäge taýýarlyk görýär.

Türkmenistan Orsýet bilen hem energiýa hyzmatdaşlygy boýunça gepleşiklerini dowam etdirýänligini, Ýewropa tarap “Nabukko” gaz geçirijisine-de gyzyklnama bildirýänligini mälim edip gelýär.

Jennifer DeLayiň pikirine görä, “Mesele Türkmenistanyň beren wadalarynyň ählisini berjaý etmek üçin ýeterlik gazy barmy – diýen sowaldan ybarat”.

Türkmenistanyň yglan edip gelýän köp ugurly energiýa hyzmatdaşlygynyň geljeginiň ýurduň gaz baýlyklarynyň möçberine bagly boljagyny bilermenler belleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG