Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Ermenistana akdyrýan gazyny kesdi


Inter-Faks habar agentliginiň maglumatyna görä, Orsýetden Ermenistana gaz akdyrýan geçirijiniň golaýynda bomba tapylandan soňra Moskwa Ýerewana akdyrýan gazyny kesipdir.

Bu partlaýyjy madda bu turbanyň Orsýetiň Inguşystan respublikasyndan geçýän böleginiň golaýynda tapylypdyr.

Şeýle-de Inguşystana akdyrylýan gazyň hem togtadylanlygy aýdylýar.

Ýekşenbe güni bolan bu wakadan soňra gazyň gaýtadan akdyrylyp başlanlygy barada hiç hili maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG