Sepleriň elýeterliligi

Türkmen -özbek serhedini geçmek düzgünleri ýeňilleşdirilýär


Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, Özbegistan bilen Türkmenistanyň liderleri, serhet araçäginiň golaýynda ýaşaýan ilatyň ýeňilleşdirilen usulda serhedi geçmegi baradaky ylalaşyga gol goýdular.

Ýekşenbe güni gol goýlan şol ylalaşyk, serhedi geçmek barada bu iki ýurduň arasynda 2004-njy ýylda gelnen ylalaşygyň üýtgedilenligini aýňladýar.

Hytaý-türkmen gaz geçirisiniň açylyş dabarasy bilen bagly iki günlik resmi sapar bilen Türkmenistana baran özbek prezidenti Yslam Kerimow gelnen bu ylalaşygyň iki ýurduň aragatnaşygynda simwoliki ähmiýete eýedigini aýtdy.

Serhedi geçmek baradaky düzgüniň üýtgedilmegi bilen bagly gelnen bu ylalaşygyň jikme-jigi barada henize çenli doly hem takyk maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG