Sepleriň elýeterliligi

Dünýä habarlaryny eşitmek, dünýäde bolup geçýän wakalar barada habar okamak sada türkmenler üçin gaty kyn.

Nyýazowçy ideologlar Türkmenistan özbaşdak ýaşamaga başlandan gazet-žurnallarda dünýä habarlaryny bermegi gadagan edipdiler. «Planetanyň poçtasy» ady bilen dünýädäki bolup geçýän wakalary halka ýetirýän sahypalar metbugatdan ýok edildi. Radio-telewideniýede-de şeýle habarlary bermeli däldigi barada berk düzgün girizildi. Halk on bäş ýyldan gowurak wagt bäri diňe Nyýazowyň «üstünlikleri» baradaky habarlary okap hem diňläp geldi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde häzir hem dünýä habarlaryny eşitmek boýunça çäklendirilmeler dowam edýär. Türkmen telewideniýesi boýunça «Jahan ýaňy» atly gepleşigiň görkezilmegi ýola goýlanda halk muňa başda gaty begendi.

Dünýä habarlary baradaky gepleşikleri halka ýetirýän «Jahan ýaňy» gepleşiginiň türkmen telewideniýesi boýunça halk köpçüligine ýetirilýänine häzir köp ýyllar geçdi. Çanak antennalary, interneti ýok adamlar «Jahan ýaňy» gepleşigine hezil edip tomaşa edýärler.

Ýöne, gynançly hem bolsa, bu gepleşikdäki habarlar halka dolulygy bilen ýetirilmeýär. «Jahan ýaňy» gepleşiginde diňe medeniýete, edebiýata, jahankeşdelige, gurluşyga, tebigat hadysalaryna degişli habarlar berilýär. Dünýäniň gyzgyn nokatlaryndaky dartgynly wakalar, dürli ýurtlarda adamlaryň öz hak-hukuklaryny talap edip, demonstrasiýa geçirişleri ýaly wakalar, dünýäniň syýasy ýagdaýlary baradaky gepleşikler barada welin asla habar berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG