Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sergi köşgündäki eňňere


Soňky birki ýyllykda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Sergi köşgünde her dürli sergiler yzygiderli geçirilip başlandy. Şolaryň aglabasy halkara derejesindäki sergiler. Kä wagt üç aýdan, kä wagt aýda iki gezek, hatda hepdaşa sergileriň geçirilýän mahallary-da bar.

Sergileriň juda dabaraly ýagdaýlarda açylýandygy aýratyn bellärlikdir. Heniz serginiň açylmagyna üç-dört sagat barka Sergi köşgüniň esasy girelgesiniň öňi toý-baýramçylygy ýadyňa salýar. Dabaraly saz ýaňlanýar. Tans edilip, aýdym aýdylýar. Şundan soň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ranglaryna görä Sergi köşgüne tarap ýönelýärler. Şundan birki sagat geçenden soň Sergi köşgünde iň gyzykly waka başlanýar. Şoňa deňiç ýolbaşçy adamlar sergä tomaşa edip bolýarlar.

Ýolbaşçy adamlar sergä tomaşa edip edip bolansoňlar, sergi köşgüniň daşynda topbak-topbak bolup garaşyp duran talyplary toparlara bölüp sergi zallaryna goýberip başlaýarlar.

Görümsizlikmi ýa-da açgözlük?


Bar hezilligem şundan soň başlanýar. Gara penjekli, gara balakly, ak köýnekli, gara galstukly, kellesi tahýaly talyplar sergi zallaryny doldurýarlar.

Adatça, sergi mahaly dürli firmalaryň, dürli kompaniýalaryň wekilleri özleriniň reklama üçin çykarýan sport maýkalaryny, kepkalaryny, žurnallaryny, bloknotlaryny, ruçkalaryny, konfetlerini… we gaýry harytlaryny paýlaýarlar.

Talyplaryň şol harytlardan ýetdik paýlaryny aljak bolup, basga galyşlaryny göreniňde, daşyndan utanýarsyň. Serginiň pawilýonlarynyň öňi alan-aldyny ýadyňa salýar.

Talyplaryň, diňe bir talyplaryňam däl, hatda ulularyň hem konfet aljak bolşup, biri-birlerini iteleşişlerini, biri-birleriniň depesinden ellerini serşip, masgara boluşlaryny göreniňde näme diýip, näme aýtjagyňy bileňok.

Hany bärde türkmeniň ata-baba saýhallylygy, dokmädeligi, kanagatlylygy, edepliligi?! Ajyndan öläýse-de, kişiniň malyna göz dikmedik türkmene bu günki gün nä döw çaldyka?

Dünýeler üýtgäp ýörmükä, gylyk-häsiýetler, terbiýe pese gaçdymyka, täze döwür açgözlügiň ýüze çykmagyna täsirini ýetiräýýärmikä? Näme üçin biz beýle ownap ýörüs?!

Abraýymyzyň ölçeg daşy ýekeje ruçkamy?

Sergidäki daşary ýurt pawilýonlarynyň biriniň ýanyna bir talyp gelip: «Maňa ruçkaňyzdan beräýiň!» diýip, boýun burýar. Pawilýonyň öňünde duran daşary ýurtly: «Men saňa ýap-ýaňy ruçka berdim ahyry!» diýýär. Talyp ähli jübülerini çöwrüp, özüniň ruçka almandygyny «subut edýär».

Daşary ýurtly başyny ýaýkaýar-da, talyba bir bloknot bilen bir ruçka uzadýar. Ol gidensoňam: «Их не различиш. Все—одно лицо. В тюбитейках» (Bulary saýgarar ýaly däl. Barysy meňzeş. Kelleleri tahýaly) diýýär.

Sergä gatnaşýan daşary ýurtlularyň şeýle sözlerini eşidip, hapa bolýarsyň. Utanýarsyň. Ýekeje ruçka üçin türkmeniň abraýyny dökýänler, gynansagam, soňky döwürler örän köpeldi. Şeýle kişiler ýokary bilim alyp ýören talyplaryň arasynda-da köp, sergi synlamaga baran dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň arasynda-da. Bularyň süwümsizligi, açgözlügi hiç zamanda-da görlüp-eşidilen zat däl. Terbiýe ýetenokmy ýa-da töwerekdäki «diňe alyp ýaşamaly» diýen adamlardan görelde alynýarmy, bilmedik.

Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG