Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Homeýniniň suratyny kim ýyrtdy?


Ähli syýasy toparlaryň arasynda ady hormat bilen tutulýan Aýatolla Homeýniniň suratyny ýyrtyp taşlamaga kim het eder?

Eýranyň konserwatiw güýçleri 7-nji dekabrda Studentler gününde geçen demonstrasiýada bu işi eden oppozision “Ýaşyl hereket” diýýärler. Bu bolan işe yslam respublikasynyň düýbüni tutana dil ýetirmek hökmünde baha berip, hökümetiň tarapdarlary 12-nji dekabrda protest ýörişini geçirdiler.

13-nji dekbarda hem Ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameniýi bular ýaly işlere şert döreden şolar diýip, oppozisiýanyň ýolbaşçylary Mir Huseýn Musewi bilen Mehdi Karrubini aýyplady: “Olar kanuna eýermeklik baradaky şygarlary öňe sürýärler. Ýöne özleri kanuny açyk bozýarlar. Olar ymam Homeýnini goldaýan şygarlary öňe sürýärler, ýöne şol bir wagtyň özünde-de oňa dil ýetirýärler”.

Oppozisiýanyň agzalary bolsa, bu işleriň bary oppozision hereketi garalamak üçin gurnalan zatlar diýýärler. Olaryň aýtmagyna görä, häkimiýet başyndakylar bu wakadan oppozisiýa görkezýän gysyşlaryny güýçlendirmek üçin peýdalanýarlar.

12-nji iýunda geçen prezident saýlawlarynda Musewiniň tarapyny çalan reformaçy žurnalist Serajedin Mirdamadiniň pikiriçe, Eýranyň ýolbaşçylary oppozisiýany dymdyrmagyň ýoluny agtarýarlar: “Hakimiýet başyndakylar oýny ýokarlandyrmaga synanyşýarlar. Olar Eýran jemgyýetiniň käbir böleginiň dini hem syýasy duýgusyny oýarmak üçin belli mukaddeslikleri ulanyp, herekete gysyş görkezmäge, ýolbaşçylary tussag etmäge ýol arçaýarlar”.

Surata edilen hormatsyzlyk baradaky goh-galmagal bu işiň Mir Huseýn Musewini tussag etmäge bahana bolmagy mümkin diýen pikirlere ýol açdy.

“Oppozision ýolbaşçylary tutmalymy?”

Tähranly tanymal žurnalist Maşaollah Samsolwaezin Eýran häkimiýetleri Musewini ýa Karrubini tussag etmäge het eder diýip, pikir edenok. Ýöne Mirdamadi Eýranda hakimiýet eýeleriniň arasynda oppozision ýolbaşçylary tutmalymy ýa tutmaly däl diýen çekişmäniň bardygyny aýdýar: “Häkimiýet eýeleriniň bir bölegi “Ýaşyl hereketiň” ýolbaşçylaryny tussag etmegiň oýlanyşyksyz işdigine ynanýar. Beýleki bölek bolsa ekstremizme ýol açýarlar bahanasy bilen Musewidir Karrubini tussag etmeklige synanyşýar”.

Seýid Razawi Fagih geçen tomusky saýlawlarda Karrubini goldan reformaçy žurnalist. Onuň pikiriçe, hökümetiň oppozisiýany gysmagy onuň özüne zyýanly: “Häzirki ýagdaýda zorluk we zulum-sütem ulanmak hemmelere zyýan ýetirer. Hemmeden köp hem onuň zyýany yslam respublikasynyň ýolbaşçylaryna deger”.
XS
SM
MD
LG