Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň sudy Liwnini tussag etmek barada order çykardy


Düýn Britaniýanyň sudy Ysraýylyň ozalky daşary işler ministri Zipi Liwnini uruş jenaýatçylygy bilen baglanyşykly aýyplamalar esasynda tussag etmek barada order çykardy.

Britaniýanyň «Guardian» gazýetiniň ýazmagyna görä, ýurduň Westminister magistrat sudy şu ýylyň başynda Gaza Sektorynda bolan uruşda ejir çeken palestinlileriň adwokatlarynyň haýyşy boýunça düýn hut şeýle karar çykarypdyr.

Ýöne, maglumata görä, birneme soňra Zipi Liwniniň Britaniýa barmandygy belli bolandan soň, sud ony tussag etmek baradaky görkezmesini ýatyrypdyr.

Bu wakanyň öňýany Zipi Liwni Britaniýa barar diýlip garaşylypdy. Britaniýanyň Daşary Işler ministrligi hanym Liwniniň britan sudunyň bu kararyndan habarly bolandygyny ýa bolmandygyny anyklamaklyga çalyşýandygyny mälim etdi.

Zipi Liwniniň edarasy onuň bu wakadan habarsyz bolandygyny öňe sürýär.

Şu ýylyň başynda Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza Sektorynda amala aşyran harby hüjümlerinde palestinlilerden müňe golaýy ölüpdi. Şol döwürde Zipi Liwni Ysraýylyň daşary işler ministri bolup işleýärdi.
XS
SM
MD
LG