Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň premýer-ministri ýurduň bergä batmak howpy astynda durandygyny aýtdy


Düýn Gresiýanyň premýer-ministri Jorj Papandreou öz ýurdunyň uly bergä batmak howpy astynda durandygyny aýdyp, çykyş etdi.

Hususan-da, düýn ýurduň biznesmenleri hem-de profsoýuz guramalarynyň liderleri bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda premýer-ministr Papandreou häzirki çynlakaý ykdysady kynçylykdan halas bolmak üçin Gresiýada gyssagly ýagdaýda täze sosial programmalaryň işe girizilmelidigini nygtady.

Şeýle hem ol geljek üç aýyň dowamynda öz hökümetiniň bu ugurda görlüp-eşidilmedik strategiýalary ulanjakdygyny aýtdy.

Häzirki wagt Gresiýa 442 milliard dollar möçberindäki bergiler bilen ýüzbe-ýüz dur.

Ýurduň şu ýylky ykdysady defisiti bolsa 12 prosentden hem ýokary boldy.
XS
SM
MD
LG