Sepleriň elýeterliligi

Eýran üç sany amerikaly syýahatça sud ediljekdigini aýdýar


Düýn Eýranyň häkimiýetleri şu ýylyň iýul aýynda ýurduň serhetlerini pyýada kesip geçen üç sany amerikaly syýahatça ýakyn wagtlarda sud ediljekdigini mälim etdiler.

Hususan-da, düýn bu barada Tähranda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda ýurduň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki häzirki wagt bu üç amerikan raýatynyň sorag edilýändigini we olara kanun esasynda çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Eýranyň häkimiýetleri amerikan raýatlary Şan Bauere, Sarah Şourde hem-de Joş Fattala içalyçylykly işlerde güman bildirýärler.

Bu aýyplanýanlaryň ene-atalary bolsa, olaryň Yrak bilen Eýranyň serhet ýakasynda syýahat edip ýörkäler tötänlikde serhediň çäklerinden geçendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG