Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýada 11 adama dürli möhletleýin türme tussaglygy berildi


Düýn Ispaniýanyň Ýokary sudy 2008-nji ýylda Barselona şäherindäki metroda bomba partlamasyny amala aşyrmak synanyşygynda tussag edilen 11 adama dürli möhletleýin türme tussaglygynyň berlendigini habar berdi.

Suduň maglumatyna görä, asly pakistanly 10 adam we ýene-de bir Hindistanyň raýaty bilelikde 2008-nji ýylyň ýanwarynda Barselona şäherindäki metroda bomba partlamasyny amala aşyrmaklygy planlaşdyrypdyrlar.

Sud şol synanyşykda tussag edilen bu adamlaryň Pakistandaky talyplaryň lideri Beýtulla Mehsudyň çagyryşlaryndan ruhlanyp, şeýle hereket edendiklerini aýdýar.

Ispaniýanyň Ýokary sudy bu aýyplanýanlardan ikisine aýry-aýrylykda 14.5 ýyl, beýlekilerine bolsa 8.5 ýyl türme tussaglygyny beripdir.
XS
SM
MD
LG