Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan - Hytaý: täze mümkinçilikler?


Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň prezidentleri Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň prezidentleri Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň ýurtlaryň özara hyzmatadaşlygynda täze sahypa açýanlygy aýdyldy. Dünýä derejesinde iň güýçli depginde ösýän ykdysadyýetli ýurt bilen gatnaşyklaryň giňelmegi Türkmenistan üçin nämäni aňladyp biler?

Türkmen gazynyň täze eksport akymynyň işe başlamagynyň Türkmenistanyň energiýa strategiýasynyň şowly durmuşa geçirilmeginiň öňünde örän wajyp ädim bolup durýanlygy resmi maglumatlarda bellenildi.

14-nji dekabrda “Samandepe-Transaziýa” gaz magistralynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda prezident G.Berdimuhamedow täze gaz geçirijisi we öz wagtynda Aziýany Ýewropa bilen birleşdiren gadymy Ýüpek Ýoly arasynda deňeşdirme geçirdi.

Syýasy ähmiýeti bar

2007-nji ýylyň awgust aýynda gurlup başlan, umumy uzynlygy ýedi müň kilometrden ybarat Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi, Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, diňe bir özara bähbitli ykdysady we söwda proýekti bolmak bilen çäklenmän, ägirt uly syýasy ähmiýete eýe bolan wakadyr. Bu barada TDH gullugynyň maglumatynda aýdylýar.
Bir tarapdan gaz turbasy geçýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri üçin syýasy taýdan bähbitli ýagdaý döreýär, olaryň regionyň iri döwletleri bilen gatnaşyklarynda agramy artýar.


Merkezi Aziýa boýunça bilermen, syýasaty öwreniji Aždar Gurdowyň pikirine görä, Hytaýa tarap täze gaz geçirijisiniň açylmagy Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde Türkmenistan üçin täze mümkinçiliklere ýol açýar.

“Bir tarapdan gaz turbasy geçýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri üçin syýasy taýdan bähbitli ýagdaý döreýär, olaryň regionyň iri döwletleri bilen gatnaşyklarynda agramy artýar. Başga bir tarapdan, global maliýe krizis şertlerinde dünýäde gaza bolan isleg azalýarka Hytaýa tarap turbanyň çekilmegi Aşgabat üçin geljekki birnäçe ýylyň dowamynda gazyny satmak we döwlet gaznasyna girdeji getirmek üçin goşmaça mümkinçilik berip biler” diýip, A.Gurdow aýtdy.

Maliýe girdejililigi

Aždar Gurdowyň pikirine görä, täze gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň Türkmenistana gaz söwdasynda berip biljek peýdasy akdyryljak gazyň möçberine we nyrhyna bagly bolar.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi doly güýjünde 2012-nji ýylda işläp başlar, bu barada türkmen habar beriş serişdelerinde aýdyldy. Geljekki ýylda bolsa Hytaýa akdyryljak türkmen gazynyň mukdarynyň 4-10 milliard kubometr aralygynda boljagyny bilermenler çak edýärler.

Gazyň nyrhy barada hem resmi maglumat berilmeýär, şol bir wagtda-da gepleşikleriň heniz dowam edýänligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap bolýan maglumatlarda bellenilýär.

Täze gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň Hytaýyň lideri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem geçirildi. G.Berdimuhamedowyň Hu Sintao bilen gepleşiklerinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we strategik partnýorlygy häsiýetine eýedigi we bu gatnaşyklaryň daşarky täsirlere bagly däldigi bellenildi.

Ykdysady gatnaşyklar ösýär

Soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçli depginde ösýär. Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 2000-nji ýyldan bäri iki ýurduň söwda dolanyşygynyň derejesi 40 esse ýokarlanypdyr we geçen ýylyň görkezijilerine görä 1,5 milliard dollara ýetipdir.

Samandepdäki tebigy gaz stansiýasy.
Hytaý Türkmenistanyň iri daşary söwda partnerlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda Hytaýyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 35 kärhana işleýär we 53 sany inwestision proýekt hasaba alnan. Olar esasan nebit-gaz, telekommunikasiýa, transport, oba hojalygy, dokma, himiýa, azyk önümçiligi, saglygy saklaýyş we gurluşyk pudaklaryna degişli.

Soňky 30 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşe eýe bolup gelýän Hytaý umumy içerki önümçilik derejesi boýunça dünýäde üçünji orny eýeleýär we ABŞ bilen Ýaponiýanyň yzyndan barýar. Halkara Walýuta Fondunyň maglumatyna görä, 2008-nji ýylda Hytaýyň umumy içerki önümçilik derejesi 4,402 trillion amerikan dollaryna barabar boldy diýip, Wikipedia, ýagny internetde ýerleşdirilen erkin ensiklopediýada aýdylýar.

Dünýäde häzirki wagtda dowam edýän global maliýe ykdysady krizis ýagdaýynda-da Hytaýyň ykdysady ösüşiniň badyny gowşatman gelýän ýurtdugyny bilermenler belleýärler.

Türkmenistanyň ösüşine nähili täsir ýetirip biler?

Aždar Gurdow Hytaý Türkmenistandan çig mal serişdelerini satyn alyp, öz harytlaryny satmak mümkinçiliginden peýdalanmagyny dowam etdirer diýip, pikir edýär we Hytaýyň geljekde Türkmenistanyň ösüşi üçin zerur bolan döwrebap kärhanalary gurmak we işletmek ýaly ugurlardan hyzmatdaşlyk eder öýdenok.

Şol bir wagtda-da Hytaý bilen hyzmatdaşlyk Turkmenistan üçin öz ýangyç-energetika kompleksini özgertmäge mümkinçilik döredýär diýip, GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Andreý Grozin belleýär. Ekspertiň sözlerine görä, häzirki wagtda Hytaý tutuş Merkezi Aziýa regionynda, şol sanda Türkmenistanda-da, ýol gurluşyk, ýeňil we azyk senagaty ugurlardan hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar.

Andreý Grozin Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklarynyň şowly ösýänligini bellemek bilen bu ösüşiň sebäplerini Pekiniň esasan ykdysady ugra ünsi gönükdirip, öz syýasy talaplaryny öňe sürmeýänliginde görýär. Hut şeýle hyzmatdaşlygyň regional liderleriniň göwnünden turýanlygyny Grozin belledi.

13-nji dekabrda Aşgabatda bolan türkmen-hytaý gepleşikleri netijesinde gol çekilen täze ylalaşyklaryň arasynda, hususan-da, Hytaý Halk respublikasynyň Türkmenistana ýurduň aragatnaşyk liniýalarynyň dikeldilmegi üçin kredit boýunça ylalaşyklar, şeýle-de Turkmenistanyň Hytaýdan ýolagçy demirýol wagonlaryny satyn almagy üçin Hytaýyň türkmen tarapyna kredit bermegi baradaky ylalaşyklar bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG