Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Ýaponiýa ugrady


Türkmenistanyň resmi metbugatynda berlen maglumata görä, şu gün Türkmenistanyň prezidenti resmi sapar bilen Ýaponiýa ugrady.

Ertir 16-njy dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi sapary başlanmaly diýlip, maglumatda aýdylýar.

Bu saparyň barşynda turkmen-ýapon gatnaşyklaryna baglylykda bir topar dokumente gol çekiljekdigi habar berilýär.

Häzirlikçe Ýaponiýa bilen iki aralykda 20-a golaý dokumente gol çekilendigini Türkmenistan Altyn Asyr internet saýty habar berýar.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we osüş ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, jemi Türkmenistanda Ýaponiýanyň maýasy goýlan üç kärhana hasaba alnypdyr.

Şeýle hem 23 inwestision proýektiň tassyklanandygy, olaryň käbiriniň eýýäm amala aşyrylandygy maglumatda aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa edýan üç günlük saparynyň dowamynda, Tokiýoda türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň 8-nji maslahatynyň geçiriljekdigi hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG