Sepleriň elýeterliligi

ABŞ adam hukuklaryny goldamaga dowam eder


ABŞ-nyň Döwlet sekratary Hillary Klinton prezident Barak Obamanyň Amerikanyň maksady bolan ählumumy adam hukuklary baradaky tagallalary dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Biziň XXI asyr üçin göz öňünde tutýanymyz – adam hukuklaryny adam hakykatyna öwürmek. Ilkinji ädim hem adam hukuklaryna giň kontekstde seretmek. Adamlar tiranlaryň zulumyndan, gynalmakdan, ala tutulmakdan, ýolbaşçylaryň özlerini tussag ýa gürüm-jürüm etmek gorkusyndan, elbetde, dynmaly. Ýöne olar iýmite mätäçlikden, saglyga mätäçlikden, okuwa mätäçlikden, kanun öňünde deňlige mätäçlikden hem dynmaly”- diýip Hillary Klinton belledi.

Duşenbe güni Georgetown uniwersitetinde eden çykyşynda hanym Klinton: “Obamanyň filosofiýasyny Birleşen Ştatlaryň Hytaýdaky we Orsýetdäki adam hukuklary problemasyna garaýşy görkezer” diýdi.

Ol Bileşen Ştatlar adam hukuklary meselesinde Hytaý bilen Orsýete özboluşly çemeleşer diýip, bu iki ýurduň atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk we global ykdysadyýeti diketlmekde Amerikanyň möhüm ýaranlary bolup durýandygyna salgylandy: “Adam hukuklary meselesinde biziň ähli ýurtlar, aýratyn-da Hytaý we Orsýet ýaly möhüm ýurtlar baradaky tutumymyzy kesgitleýän zat - prinsipial pragmatizm. Global ykdysadyýeti sagaltmak, atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk, şeýle hem Demirgazyk Koreýa we Eýran ýaly ýurtlar bilen howpsuzlyk meselesini, klimatyň özgermesi ýaly global meseleleri çözmekde bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gaty möhüm”.

Klinton Birleşen Ştatlaryň Pekin we Moskwa bilen adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky gepleşikleri dowam etdirjekdigini wada berdi. Döwlet sekretary Waşingtonyň Hytaýy Tibet we Uýgur halklarynyň hukuklaryny ykrar etmäge çagyrmagyny bes etmejekdigini nygtady.

Orsýete gezek gelende, Bileşen Ştatlaryň syýasy aktiwistleri we žurnalistleri öldürenler barada ors ýolbaşylaryna sorag bermegi dowam etdirýänligini aýtdy.

Hanym Klinton Obamanyň administrasiýasy tutuş dünýäde demokratiýany goldamagy togtatmaz, sebäbi adam hukuklaryny ösdürmekde iň netijeli ýol şu diýdi: “Biz demokratiýanyň tarapyny çalýarys. Ýöne bu hemme ýurtlaryň biziň ýurdumyz ýaly bolmagyny isleýändigimiz üçin däl. Biziň islegimiz adamlaryň, Tallahasseede doglupmy ýa Tähranda, tapawudy ýok, öz hukuklarynyň hözürini görmegi. Demokratiýanyň adam hukuklaryny adam hakykatyna öwürmekde iň gowy syýasy sistemadygy uzak döwrüň dowamynda subut bolan zat”.
XS
SM
MD
LG