Sepleriň elýeterliligi

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurduň dürli pudaklarynyň ministrleri paýtagtyň Sergi köşgünde degişme sahnalary bilen çykyş ederler.

Şu günler täze ýyl dabarasy mynasybetli ýurduň ministrleri paýtagtyň Sergi köşgünde degişme sahnalaryny görkezmek üçin repetisiýa geçýärler. Ministrleriň degişme sahnalaryna Türkmenistanyň abraýly režissýorlary režissýorlyk edýärler.

Ýurduň ministrleriniň öz pudaklary bilen bagly bu degişme sahnalaryny görkezmek indi däbe öwrüldi. Şeýle çäre ilkinji gezek 2007-nji ýylda geçirilipdi.

Her ýylyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň 9 sany orunbasarlary, ýagny wise-premýerleri öz garamagyndaky pudaklarynyň ministrleri bilen hökümet derejesinde bellenilýän Täze ýyl agşamynyň dabarasynda degişme sahnalaryny taýýarlaýarlar. Bu baýramçylyk dabarasyna ýurduň iň ýokary gatlaklarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň ilçileri gatnaşýarlar.

Jemi üç sagatlyk aýdym-sazly hökümet derejesindäki Täze ýyl dabarasynda Türkmenistanyň tanymal aýdymçy-sazandalary özleriniň iň bir täze aýdymlary bilen çykyş edýärler. Aýdymlaryň arasynda bolsa ýurduň ministrleri öz pudaklary bilen baglanyşykly taýýarlan degişme sahnalaryny görkezýärler. Elbetde, bu Täze ýyl dabarasy bilen bagly konsert çykyşlary diňe çäkli üýşmeleň ýagdaýda geçirilýär.

Hökümet derejesinde geçirilýän bu Täze ýyl dabarasyndaky degişme sahnalary gaty seresaplylygy talap edýär. Ýerliksiz degişmäniň soňunyň uly betbagtçylyga eltýän ýagdaýlary-da bolýar.

2008-nji ýylyň şeýle dabarasynda ýurduň tanymal diktory Mergen Annamuhammedow özüniň diş agyrysy bilen bagly degişmesi sebäpli ömürlik sahna çykmakdan mahrum edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG