Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy Soýuz döwründe iň abraýly baýrak hasaplanýardy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna öwrüldi.

Sowet Soýuzy döwründe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy edebiýat we sungat eserleriniň iň naýbaşysyna berilýärdi.

Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow… ýaly meşhur ýazyjylar, Yzzat Gylyjow, Aýhan Hajyýew, Ýakup Annanurow ýaly belli hudožnikler, «Aýgytly ädim», «Gelin» ýaly dünýä derejesinde ykrar edilen çeper filmler bu baýraga mynasyp görlüpdi.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda-da bu baýragyň gadyr-gymmaty gaçmady. Daşary ýurtly ildeşimiz, Magtymgulynyň goşgularyny iňlis diline terjime edip, beýik Pyragyny dünýä ýaýan Ýusup Azmuna-da Magtymguly adyndaky Halkara baýragy gowşurylypdy.

Magtymguly adyndaky baýragyň Halkara baýragyna öwrülmegi bilen onuň derejesi ýokary galar öýdüldi. Arman, şundan soň bu baýrak püçege çykdy. Püçege çykany bilenem çäklenmedi. Soňky on üç-on bäş ýylyň içinde bu baýrak hiç kime rowa görülmedi. Ol bütinleý ýatyp galdy.

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek baradaky Komitet bar. Onuň başlygam, düzümem täzelendi, ofisem bar, möhürem bar, ýöne komitet bütinleý işlänok.

Näme üçin berlenok?

Ençeme ýyl bäri bu baýragyň hiç kime näme üçin berilmeýänini takyk bilýän ýok. Munuň üçin ýeterlik serişde tapylanokmyka? Mynasyp eserler döränokmyka? Sowal yzyna sowal. Sowallara anyk deliller tapyp bilmänem oýurganýarsyň. Delilleriň haýsy birine «hä» berjegiňi bilmeýärsiň.

Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň berilmän başlanmagy Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam edip gelýär. Ozalky prezident “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy” «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşigini döretdi. Ilki-ilkiler onuň «ýeňijilerine» bäş müň amerikan dollary berilýärdi. Şol ýyllar dollar has hümmetlidi. Döredijilik işgärleri üçin bu uly baýrakdy. Belki, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ýatyp galmagyny Türkmenbaşynyň bäsleşik üçin berýän baýragynyň döremegi bilen düşündirip bolar. Sebäbi ozalky prezident şöhratparaz kişidi.

Ýurda täze prezident saýlanandan soň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek baradaky Komitetiň düzümi täzelendi. Onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Türkmenbaşy adyndaky Milli muzeýiniň direktory Öwez Mämmetnurow saýlanyldy. Bu komitetem «ady bar-da, özi ýok» komitete öwrüldi. Onuň işinde hiç hili gymyldy, hereket duýlanok.

Eýsem,Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp döredijilik işgäri ýokmuka? Saparmyrat Nyýazowyň döwründe Saparmyrat Nyýazowy, häzirki, Galkynyş döwründe bu döwrüň «baýdak göterijilerini», Galkynyşlar döwrüni kiçi dilden ýylmanak sözler bilen wasp edip eserler döredýän ýazyjylaram, hudožniklerem, kino işgärleri-de, aýdymçylar-da kän. Olar Galkynyş döwrüne tüýs mynasyp ýazyjy-şahyrlar.

Örän ýöntem pikirli döredijilik işgärlerine Magtymguly ýaly beýik şahsyýetiň adyny göterýän baýragyň berilmezligini logiki taýdan dogry hasaplaýarsyň. Magtymgulynyň adyny göterýän baýrak ýaranjaňlygyň hatyrasyna zoraýakdan döredilen eserlere däl-de, halkyň ruhy dünýäsini, durmuşyny dogruçyl beýan edýän eserlere berilmelidir.

Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG