Sepleriň elýeterliligi

G.Berdimuhamedowyň Ýaponiýa edýän 3 günlük resmi saparynyň gün tertibinde Tokioda Ýaponiýanyň premýer-ministri Yukio Hatoýama we imperator Akihito bilen duşuşyklary, Osaka şäherinde “Komatsu” maşyn-gurluşyk kompaniýasyna sapary göz öňünde tutulýar.

Tokioda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komiteti 8-nji maslahatyny hem geçirer.

Türkmenistanyň prezindetiniň Ýaponiýa edýän resmi saparynyň ýurduň doly derejeli, ähli taraplaýyn halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmak boýunça strategiýasynyň dowamy bolup durýanlygy, Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda aýdylýar. TDH gullugynyň ýazmagyna görä, türkmen-ýapon gepleşikleri ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn we halkara guramalarynyň çäginde amala aşyrylýan adaty hyzmatdaşlyga itergi bermäge özara gyzyklanmanyň we taýýarlygyň subutnamasy bolup durýar.

Söwda we ykdysadyýet - esasy ugurlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar esasan söwda-ykdysady ugrunda alnyp barylýar we şu günki güne çenli döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde 20 sany dokumente gol goýuldy. Türkmenistanda Ýaponiýanyň maliýe goýumlarynyň gatnaşmagynda üç sany kärhana işleýär we 23 sany inwestision proýekt hasaba alnan.

Aşgabat bilen Tokio arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprel aýynda ýola goýlupdy, Ýaponiýanyň ilçihanasy bolsa Türkmenistanda 2005-nji ýylda açyldy.

Ýangyç-energetika hyzmatdaşlygy maslahat ediler


Taraplaryň strategik ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek temasy 16-njy dekabrda Tokioda Ýaponiýanyň premýer-ministri Yukio Hatoýamanyň Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow bilen gepleşikleriniň üns merkezinde. Ýokary derejeli gepleşikleriň yz ýany ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 8-nji maslahaty hem geçiriler.

Türkmenistan boýunça regional ekspert, Ankarada ýerleşýän Strategik barlaglar institutynyň ýolbaşçysy Mehmet Seýfetdin soňky döwürde Türkmenistanyň dünýäniň iň kuwwatly döwletleri bilen gatnaşyklara örän uly ähmiýet berip başlanlygyny we öňküsinden tapawutlylykda diňe Orsýete bil baglamak bilen çäklenmeýänligini belledi.

“Şu nukdaý nazardan Ýaponiýa sapar – Türkmenistanyň köptaraplaýyn syýasatynyň bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda we belli bir derejede krizis bilen baglylykda Türkmenistan maliýe hem tehniki ýardama, şeýle-de tutuş regiona degişli kynçylyklardan çykmak üçin kömege mätäç. Bu ugurdan Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň ösüşi Türkmenistanyň ykdysadyýeti we ýurduň garaşsyz daşary syýasaty üçin möhüm bolup durýar” diýip, Mehmet Seýfettdin aýtdy.

HRW ynsan hukuklary problemasyna ünsi çekýär

Türkmenistnyň prezidentiniň Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen gepleşiklerinde gumanitar meseleleriniň hem ara alnyp maslahat ediljegi türkmen metbugatynda habar berildi, emma gozgaljak meseleler barada jikme-jik aýdylmady.

Şol bir wagtda-da G.Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň oň ýanynda ynsan hukuklaryny goraýjylar tarapyndan Turkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna degişli tema gozgaldy.

“HRW” guramasy 15-nji dekabrda ýaýradan maglumatynda, Ýaponiýanyň liderleri G.Berdimuhamedowyň Tokio saparyny Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirmek we ýagdaýy gowulandyrmak ugrunda türkmen hökümetinden takyk ädimleri talap etmek üçin peýdalanmaly diýip belleýär.

Bu gurama öz ýaýradan maglumatynda şu ýylyň tomsunda daşary ýurtlardaky hususy uniwersitetleriň studentleriniň Türkmenistandan çykmagyna türkmen häkimiýetleriniň girizen çäklendirmeleri bilen bagly problema Ýaponiýanyň liderleri tarapyndan gozgalmaly meseleleriň biri diýip belleýär.

"Ösen döwletler ynsan hukuklaryny ünsden düşürmeli däl"

HRW guramasyndan Reýçel Denber beýannamanyň ýaýradylmagynyň maksady barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Bu örän seýrek we wajyp mümkinçilik, sebäbi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklar giňelip barýar. Ykdysady gatnaşyklar hem barha ösýär. Şeýle ýagdaýda Ýaponiýanyň hökümetiniň Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi artdyrmagy zerur. Biz iki ýurduň gatnaşyklarynda ynsan hukuklaryna hem uly ähmiýet berilmegini umyt edýäris”.

HRW guramasynyň pikirine görä, “Ýaponiýanyň ODA, ýagny ösüş üçin resmi ýardam hartiýasy, kömek bermek boýunça kararlaryň şol ýurduň ynsan hukuklarynyň ýagdaýy hasaba alnyp çykarylmalydygyny göz öňünde tutýar. “Ýaponiýa özüniň bu prinsipini Birma we Zimbabwe babatynda ulanypdy” diýip, HRW belledi.

17-nji dekabrda Türkmenistanyň prezindetiniň Ýaponiýanyň imperatory Akihito tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar. Resmi maglumatlara görä, Ýaponiýa saparynyň çäginde G.Berdimuhamedow Osaka şäherine hem sapar eder, şeýle-de ol “Komatsu” maşyn-gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG