Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 24 sany gije kluby ýapylar


Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň maglumatyna görä, Orsýetiň Kamçatka ülkesiniň baş-purkorory ot almak howpyna garşy ýeterlik çäre görmänligi üçin 24 sany gije klubynyň ýapyljakdygyny yglan etdi.

Mälim bolşuna görä, 24 klub kamçatkada ýerleşýän we şu hepde barlagdan geçirilen 56 kublyň hataryna girýär.

Şol klublarda ýüze çykarylan kemçiliklerden iň esasysy, şol ýerlerde howpsyzlyk boýunça duýduryş sistemasynyň we adatdan daşary ýagdaýda çykyş gapysynyň amatly bolmazlygy bilen baglydyr.

Orsýetiň Perm şäherindäki bir gije klubynda 5-njy dekabarda bolan ýangyndan soňra tutuş ýurt boýunça gije klublarynda barlag işleri başlandy. Şol wakada 148 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG