Sepleriň elýeterliligi

Eýranly oppozisiýon liderleriniň suda çekilmegi mümkin


Eýranyň sud sistemasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy oppozision liderleri suda çekmäge prokurorlaryň ýeterlik deliliniň bardygyny aýdyp, duýduryş berdi.

Eýranyň studentler habar agentligi Sadek Larijana salgylanyp çap eden şol habarynda, ady agzalýan lideriň oppozisiýany dartgynlygy öjükdürenlikde aýyplanlygyny habar berýär.

Larijany aýratynam oppozisiýanyň iýunda geçirilen saýlawlar we Ahmedinejadyň prezidentlik wezipesine gaýtadan saylanmagyndan soňra ýurtda ýüze çykan dartgynlylyk bilen ilteşiginiň bardygyny aýdýar.

Agentligiň maglumatyna görä, Larijani oppozisiýany daşary ýurtly duşmanlaryň ýurda basyşyny artdyrmagy üçin olara ýardam edenligini hem aýdypdyr.

Bu beýanat ady agzalýan saýlawlarda prezidentlige kandidat bolan oppozision lideri Mir Hossain Musawa garşy kanuny çäreleriň görüljekdigi barada halk arasynda gürrüň ýaýramagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG