Sepleriň elýeterliligi

Klimat konfrensiýalarynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekildi


Klimatyň üýtgemegi bilen bagly BMG-niň klimat boýunça ýygnaklar geçirýän toparynyň prezidenti wezipesinden çekilenden soň Daniýanyň premýer-ministri Lars Loekke Rasmussen bu wezipäni eýeledi.

Daniýanyň klimat boýunça ministri wezipesini hem berjaý edýän Konni Hedegaard bu kararynyň sebäbiniň jikme-jigi barada anyk maglumat bermän, munuň proseduranyň bir bölegidigini aýtdy.

BMG tarapyndan goldanylýan bu gepleşikler häzirki döwürde petige diräp dur, sebäbi zäherli gaz maddalarynyň howa giňişligine goýberilmegi hem-de garyp ýurtlara maliýe ýardamyny etmek meselesinde ylalaşyga gelnip bilinmeýär.

Daniýanyň paýtagty Kopenhagende geçirilýän bu sammitiň anna güni tamamlanmagyna garaşylýar.

Ýygnagyň soňky günine 120 töweregi hökümet we döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de bu ýygnakda haýsydyr anyk netijä gelinmänligine garşy protest gurnamak üçin köçelere çykan adamlara Daniýanyň howpsuzlyk güýçleri göz ýaşardyjy gaz atypdyr.
XS
SM
MD
LG