Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda bolan hüjümlerde ençeme esger heläk boldy


Owganystanda bolan dürli hüjümlerde içeri hem daşary ýurtly harbylaryň ençeme agzasynyň heläk bolanlygy mälim edildi.

Herat welaýatynyň Rubat-i-Sangin atly etrabynda sişenbe gije bolan partlamada howpsuzlyk güýçleriniň etrap boýunça ýolbaşçysy bilen onuň ýanyndaky 3 harby heläk bolupdyr.

Sişenbe güni Helment welaýatynda janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan partlamada Britaniýaly iki esger wepat boldy. Wakada iki owgan harbysynyň hem ölenligi aýdylýar.

Owganystanyň günortasynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy zerarly, Estoniýaly bir esger hem ölüpdir.

Habarlardan mälim bolşuna görä, 2001-njy ýylda Talyp režmi agdarylandan bäri Owganystanda dartgynlylyk şu ýyl iň ýokary derejä ýetdi.
XS
SM
MD
LG