Sepleriň elýeterliligi

NATO nyň baş sekretary rus ýolbaşçylary bilen duşuşýar


NATO nyň baş sekretary Andres Fog Rasmussen çarşenbe güni Moskwada orsýetli ýolbaşçylar bilen pikir alyşdy.

Rasmussen Orsýetiň daşary işler ministri Sergiý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda, käbir düşünişmezlikleriň bolmagyna garamazdan, Orsýete sapar etmeginiň maksadynyň NATO bilen Moskwanyň aragatnaşygyny artyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Rasmussen aýratynam özüniň Owganystan boýunça Orsýetden has köp ýardama , şol sanda enjamlara we owgan harbylaryny türgenleşdirmek boýunça kömege garaşýanlygyny mälim edipdir.

Ol Orsýete NATO tranzit mümkinçiligini bir eýýam teklip edendigini mälim etdi.

Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan çaknyşykdan soňra NATO bilen Moskwanyň aragatnaşygy kesilenden soň, bu, Rasmusseniň Orsýete edýän ilkinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG