Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Kongresinde Merkezi Aziýa boýunça maslahatlaşylýar


Birleşen Ştatlaryň Kongresinde Waşingtonuň Merkezi Aziýa boýunça Daşary syýasaty barada diňlenşik geçirilýär.

Şol diňlenşikde döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Jorj Krol kongresmenleriň soraglaryna jogap berdi.

Jenap Krol öz çykyşlarynda regionyň ykdysady taydan ösüşi, demokratik we syýasy özgerişikler şol regionyň durnuklylygynyň artmagyna sebäp bolar, bu hem öz nobatynda Waşingtona has ynamdar hyzmatdaşlary tapmaga ýardam eder diýdi.

Kroluň aýtmagyna görä, bu hyzmatdaşlar esasanam global derejede bolup geçýän çylşyrymly problemalaryň, şol sanda, ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň, neşe gaçakçylygynyň öňüni almaga we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge ABŞ-a kömek eder.

Bu ýygnakda ençeme kongresmenler hem Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasaty barada öz pikirlerini beýan etdiler.
XS
SM
MD
LG