Sepleriň elýeterliligi

Ýurduň ähli edara-kärhanalarynda, ýokary okuw jaýlarynda täzelikde neşir edilen «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.

Kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy 13-nji dekabrda boldy. Ýekşenbe güni, ýagny dynç günüdigine garamazdan, deputatlar, alymlar, ýurduň ýokary gatlaklarynyň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisine ýygnanyp, täze neşir edilen «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisinde bolan tanyşdyrylyş dabarasyndan soň, şeýle çäreler ýurduň ähli edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik-guramalarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň gerim bilen geçirilip başlandy.

Bu kitap arhiw materiallary esasynda taýýarlanypdyr. Onuň birinji baby Türkmenistanyň prezidentiniň atasy Berdimuhammet Annaýewiň ömründen söhbet açýar. Kitabyň beýleki bölümlerinde bolsa ýurduň prezidentiniň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleri barada gürrüň berilýär.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow. Ýöne kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynda eseriň awtory hakda ýeke agyz hem gürrüň edilmeýär. Tanyşdyrylyş dabaralarynda diňe bu kitabyň ýaş nesli sagdyn, ýokary ahlakly kemala getirmekde terbiýeçilik ähmiýetiniň juda wajyp boljakdygy hakda gürrüň edýärler.

Kitabyň tiražy ýigrimi müňe ýakyn nusgalykda neşir edilen. Emma häzirki wagtda bu kitap dükanlarda heniz satuwda ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG