Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä döwletlerinden 120-ä golaýynyň liderleri Kopengagene bararlar


Şu gün dünýä döwletlerinden 120-ä golaýynyň liderleriniň Daniýanyň paýtagty Kopengagende klimatyň özgermek problemasyna bagyşlanylyp geçirilýän halkara konferensiýasyna barmaklaryna garaşylýar.

Geljek iki günüň dowamynda dünýä döwletleriniň liderleri we hökümet resmileri klimatyň özgermegine garşy göreş meselesi boýunça täze halkara şertnamasyny kabul etmek üçin çalşarlar.

Konferensiýada bu meseleler boýunça çykyş etjek döwlet liderleriniň hatarynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat, Braziliýanyň prezidenti Lula de Silwa we Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi ýaly döwlet liderleri bolar diýlip garaşylýar.

Birleşen Milletler guramasy tarapyndan gurnalan bu konferensiýa şu hepdäniň anna güni tamamlanar.
XS
SM
MD
LG