Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ömrümde ilkinji gezek demonstrasiýa gatnaşdym"


Gyrgyzystanyň Milli Uniwersitetinde okan döwrüm, 1989-njy ýylyň iýun aýynda, kursdaşlarymyň biri ýanyma gelip, meni özleri bilen bile protest demonstrasiýasyna çykmaga çagyrdy.

“Ýör, şu gün gündiz Frunzäniň daşynda gyrgyz maşgalalaryny ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegi talap edip geçiriljek proteste gatnaşaly” diýip, dostum meni çagyrdy.

Men geň galyp, ol protesti kimiň gurnaýandygyny soradym. Ol şeýle protesti geçirmek haýyşy bilen ýokary derejeli wezipeleri eýeleýän partiýa çinownikleriniň studentlere ýüzlenendigini aýdyp, muňa Gyrgyzystana göçüp baran meshet türklerini jaý bilen üpjün etmek babatda Moskwadan gelen buýrugyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Şol döwür Özbegistanda ýaşan meshet türkleri bilen özbekleriň arasynda çaknyşyklar döräp, türkleriň köpüsi Özbegistandan bosup gitmäge mejbur bolupdylar. Emma mesele bu turklerde däldi. Mesele Gyrgyzystanda gyrgyzlaryň özleriniň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi meselesinde gaty köp kynçylyk çekýändiklerindedi.

Şonuň üçin biz protest geçirilýän uly meýdança beýleki ýüzlerçe studentler bilen bile bardyk. Şonda men ömrümde ilkinji gezek demonstrasiýa gatnaşdym. Bu şeýle bir tolgundyrýardy. Taryhy öwrenýän student hökmünde men şol pursatda, hamana, özüm taryha girjek waka gatnaşýan ýaly duýdum.

Şol ilkinji gün hem biz beýleki ýüzlerçe studentler bilen bir hatarda, tä öz talaplarymyz berjaý edilýänçä, günde demonstrasiýa çykmaklyk barada ylalaşdyk. Şol sözümizde hem durduk. Ýagny, dekanlaryň, professorlaryň haýbat atmalaryna garamazdan, biz günde demonstrasiýa gatnaşýardyk.

Näme itergi berdi?


Şeýle erjellik bilen bu protestlere gatnaşmaga bize – ýaş studentlere nämäniň itergi berendigini bilmeýärin. Belki, gyrgyzlaryň agyr durmuşy barada şol demonstrasiýalarda edilen çykyşlar biziň yzygiderli protestlere gatnaşmagymyza sebäb bolandyr.

Çykyş edenleriň biri, kyrk ýaşyndaky saçlary doly agaran erkek kişi özüniň Uniwesitetde instruktor bolup işleýändigini, aýaly hem üç çagasy bilen studentleriň umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda ýaşamaly bolýandygyny gürrüň berdi. Şäherde propiskasynyň bolmandygy zerarly hökümetden jaý almak üçin nobata durup bilmeýändigini proteste gatnaşýanlara düşündirdi.

Şol döwür Sowet hökümetiniň geçirýän ýörite plany boýunça Gyrgyz milletinden bolanlar uly şäherlerden gysylyp çykarylyp, olaryň ýerlerine Orsýetden we beýleki Soýuz respublikalardan adamlar göçürilip getirilýardi.

1989-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, şol döwür Gyrgyzystanyň paýtagty Frunze şäheriniň ýaşaýjylarynyň diňe 22%-ti ýerli gyrgyzlardan ybarat bolupdyr, 60%-den gowragy bolsa rus, ukrain hem beýleki slawýan milletlerinden ybaratdy.

Şeýlelikde Gyrgyzystan öňki Sowet respublikalarynyň içinde iň ruslaşdyrylan ýurtlaryň biridi. Ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Gyrgyzystanyň ilatynyň 36%-ti özleriniň birinji dili hökmünde rus dilini görkezipdirler.

Gynançly wakalar


Demonstrasiýalar geçirilen şol günler men gaty köp gynançly wakalary eşitdim. Olaryň köpüsine ýüregim agyryp, agym tutýardy. Şol wakalaryň köpüsinde ruslaryň eýeçiliginde bolan jaýlarda gazanýan aýlygynyň takmynan ýarysyna bir otagy kreýine alyp 3-4 adamdan ybarat gyrgyz maşgalalarynyň ýaşamaly bolýandygy, şeýle ýagdaýda olaryň çagalarynyň ösüp, geljegiň ýagty boljakdygyna umytlarynyň galmaýandygy aýdyldy.

Şol bir wagtda hem Moskwa täze bir zawodyň gurluşygy barada karara gelse, dessine şol ýerde işlejek adamlar Orsýetden we beýleki respublikalardan Gyrgyzystana iberilip, olaryň birden ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edilýändikleri aýdyldy.

Şeýle wakalar hakda eşitmek sussuňy basyp, başyňy salladýardy. Şol demonstrasiýada gyrgyz milletçileri gyrgyz dilinde çykyş edenlerinde bu köp adamy geň galdyrdy. Hatda Kommunistik partiýanyň agzalary-da şol çykyşlara ümsümlik bilen gulak asyp durdular. Olar Moskwanyň alyp barýan syýasatyny tankytlaýjylara garşy çykyp bilmediler.

KGB-niň agentleri bolsa biziň aramyzda gulaklaryny gabardyp gezip, geljekki günlere gurýan planlarymyz hakda maglumat ýygnaýardylar. Biz bolsa, günde işe gatnaýan ýaly, şol demonstrasiýalaryň geçirilýän meýdanyna baryp, öz nägileligimizi beýan edýärdik.

Şeýdip, häkimiýetler bilen bir aýa golaý dowam eden gapma-garşylyklardan soň, partiýanyň emeldarlary ýaşaýyş jaýa mätäç ýaş gyrgyz maşgalalarynyň sanawyny düzüp başladylar. Elbetde, şeýle hereket etmek üçin hem Moskwanyň rugsaty zerurdy.

Şondan soň...

Şondan soň müňlerçe gyrgyz maşgalasyna ýaşaýyş jaý gurmak üçin kiçijik ýer böleginden paýlap başladylar. Şol paýlanan ýerler ne maşgalalaryň ýadgaýyny gowulandyryp bildi, ne-de şäheriň durkuna öňyn täsir etdi. Emma millilik basyşyň hem biziň yzygiderli protest geçirmegimiziň netije berendigi welin, guwandyrman durmaýardy.

Şol günlerde süňňüme siňen milletçilik düýgusyndan çykmak üçin maňa ençeme wagt gerek boldy. Bu wakadan soň bolsa, meniň mekdepde bile okan klasdaşlarymdan, ussat mugallymlarymdan gyrgyz bolmadyklaryň köpüsi Gyrgyzystany terk edip başladylar. Olar Günbatara, Orsýete we beýleki ýurtlara göçüp gidýärdiler.

Bu waka hem meni gaty gynandyrdy. Olaryň gitmegini islemän, men göçjek bolýan dostlaryma jaň edip “Gitmäň, galyň, bu ýurtda siziň hem geljegiňiz bar, bu siziň hem watanyňyz ahyryn” diýip, olara ýalbardym. Emma olar göçüp, Gyrgyzystany terk etmeklerini dowam etdirdiler.

Olaryň hemmesiniň göçüp gitmändigine şükür edýärin. Häzir hem Gyrgyzystanda dürli milletli adamlar asudalykda ýaşaýarlar. Emma 1989-njy ýylyň wakalaryna syn etsem şol ýagdaýyň bolşundan has ýaramaz ýagdaýa ösüp geçmeginiň mümkin ekenligine düşünýärin. Meniň pikirimçe, şonda biz oýnaýan odumyzyň näderejede howpludygyny doly bilmeýärdik.

Wenera Jumataýewa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG