Sepleriň elýeterliligi

Lenji çykan jümleler üstünlik duýgusyny döredermi?


Soňky hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerini baýramçylyklara gabatlap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini halka görkezmäge çagyrdy.Bu ýerde ozaly bilen bitaraplyk güni, türkmen-hytaý gaz turbasynyň açylyş dabaralary göz öňünde tutulýardy.

Köpçülikleýin habar serişdeleriniň bar güýjüniň üstünlikleri görkezmäge gönükdirilmeginde howply bir ýagdaý bar. Eger propaganda organlary bu tabşyryga köneçe, sowet döwründäki endikleri boýunça agitasiýa ýörelgesinden çemeleşseler, däp bolup gelýän şygarlardan hem şol bir gaýtalanyp duran söz düzümlerinden aňry geçip bilmezler.

Boş öwgüler we ýasama tolgunmalar

Şu günki gün biznesem, syýasatam, jemgyýetem boş öwgüleri, ýasama tolgunmalary, ýüzleý beýan etmeleri däl-de, meselä çuňdan aralaşmagy talap edýär. Şu ýagdaý şu günki gün islendik pozitiw, oňyn ýagdaýy, gazanylan üstünligi ýoga çykaryp biler. Beýik işler barada şol bir nobatçy sözler, söz düzümleri ulanylyp durulsa, iş ýüzünde bu şol üstünlikleriň tepbedini okar.

Türkmenler Türkmenbaşy zamanynda kök uran şöhratlandyrmalara, pöwhe öwgülere, aýagyny ýerden üzüp ulaltmalara öwrenişdiler. Daşarky dünýä welin, şol boş sözlerden hiç zat alyp bilmez.

Üstünligi görkezmek aňsat iş däl. Öwünjeňlik, emelsizlik bilen üstünligi bolmadyk ýaly edip bolar. Propaganda organlary Türkmenistanda köne doktrinany reforma edip, adamlara täsir edip biljek täze ýoly, usullary tapmak isleýärmikä?

Häkimiýetiň peýdasyna şol bir sürçegi çykan süýji sözleri gaýtalamak bilen adamlaryň aňyna täsir edip bolmaz, olar oýnatgy däl, hemme zada akyl hem göz ýetirýärler. Tersine, olara ýurtda bolýan möhüm wakalara gatnaşmaga mümkinçilik döretmeli. Ine, şonda üstünlikler üstünlik hökmünde köpçülik tarapyndan kabul ediler. Şol gazanylan üstünlige tarap ýolda nähili kynçylyklar boldy, olardan nähili geçildi, ine, şular barasynda dogruçyl gürrüň etmeli.

Bitaraplyk güni bilen bagly diňe bir Türkmenistanda däl, tutuş dünýäde adamlar şol statusyň näme üçin möhümdigine anyk mysallar esasynda göz ýetirmeli. Şonda türkmenistanlylar döwletiň saýlap alan ýolundan ony kimiň hem nähili tilsim bilen itip çykarmakçy bolýandygyny hem bitaraplyk statusy näme üçin halkara hem içerki meseleleri çözmekde iň gowy gural bolup durýar, şonuň sebäbini anyk bilmeli.

Ýene-de bir fakt

Ýene-de bir fakty hasaba almaly: bitaraplyk durumyny saýlan hem ony öz islegine görä oýnadan adam öň özüniň pes ahlagy hem hiç bir heňe gelmeýän hokgalary bilen uzak wagtyň dowamynda öz halkyny ýaralap, azar ýamanyny berip geldi. Şonuň üçinem onuň gatnaşmagynda peýda bolan zatlaryň köpüsine jemgyýetde tolgunma, şatlanma ýa buýsanç ýok. Şol ideýany şu günki gün nähili düşündirişler bilen gorap bolar?

Däp bolup gelýän pöwhe şygarlar, şol bir lenji çykan jümleler adamlarda üstünlik duýgusyny döredip bilermi? Ýurduň üzňeligini aradan aýyrmak boýunça ähli tagallalar birden puja çykmazmy? Edil şunuň ýaly ýagdaý türkmen-hytaý gaz turbasy bilen bagly wakalar beýan edilende-de ýüze çykyp biler.

Eger ýerli köpçülikleýin habar serişdeleri propagandistik apparatyň buýrugy, emri bilen häkimiýetiň adyna şöhrat aýdymyna zorlatsa, ol jemgyýetiň gözüniň alnynda üstünlikleriň püçege çykmak töwekgelini artdyrar. Eger oňa daşarky dünýä bilen arada köpri gurmagyň gözleginde gazanylan üstünlik hökmünde garalsa, şonda ol hakyky gazanylan üstünlik bolar.

Ýene bir sapar ýatlap geçsek, Türkmenistanyň halkara arenasynda izolirlenmekden çykmagy boýunça regiondaky prosese kim garşylyk döredýär? Güýçli goňşularyndan daşlaşdyryp, Türkmenistany kim ýene-de öňki taryhy ýapyklyga salmak isleýär?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG