Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kinoteatrsyz döwlet


Ady bar-da, özi ýok. Kinoteatr bar-da, kino ýok. Türkmenistanlylar indi ýigrimi ýyl bäri kinoteatrlarda kino görmekden mahrum.

Sowet Soýuzy döwründe býujete iň köp serişde getirýän kino hem arakdy. Muňa şol döwürlerde «Arakdan doýlup, kinoteatra barylýardy» diýlip degşilýärdi. Degişme—degişme ýerinde. Ýöne kinoteatrlarda ir sagat dokuzdan tä gije sagat on bir-on ikilere çenli seans gidýärdi.

Hatda ýurduň iň bir özüni oňarmaýan obalarynda-da giçlik, her gün diýen ýaly kino görkezilýärdi. Şäher kinoteatrlarynda-da, oba klublarynda-da tomaşaçylar hyryn-dykyndy. Kinoteatlar pensionerler üçinem, ýaşlar üçinem, çagalar üçinem iň bir söýgüli ýerlere öwrülipdi.

Kinofilmleriň tematikasy-da dürli-dürlüdi. Oba klublarynda, esasan, “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň önümleri ýa-da türkmen diline geçirilen çeper hem dokumental filmler görkezilýärdi.

«Mir» kinoteatry «Parahat» medeni-dynç alyş merkezine öwrüldi

Ozallar paýtagtymyzdaky «Mir» kinoteatry şäherdäki iň naýbaşy kinoteatrlaryň biridi. Kinoteatr düýpli remont edilmäge başlananda aşgabatlylar: «Tüweleme, kinoteatrda ýene kino görkezilip başlanjag-ow!» diýşip, begenişdiler.

Ahyry, remont işleri gutardy. Kinoteatr kaşaň bina öwrüldi. Onuň içem-daşam bezemen. «Gowy kinoteatrymyz bar!» diýip, öwnüp boljak.

Düýpli remontdan soň kinoteatryň ulanylmaga berlenine ep-esli wagt geçdi. Arman, bu ýere kino görmäge gelmegi arzuwlanlaryň paltasy daşa degdi.

«Parahat» medeni-dynç alyş merkezinde her hili çäre geçirilse-de, ýekeje saparam kino görkezilmedi.

Dogrusyny aýtsaň, ýurtda görkezmäge kino-da ýok. Ýigrimi ýyl bäri kino görkezilmeýän ýurtda ýigrimi ýyl bäri kino-da düşürilenok. Şu sebäpli, ýurduň ähli kinoteatrlary toý-sadakalar geçirilýän ýere öwrüldi.

Hut şunuň ýaly, öňki «Mir» kinoteatry bolan, häzirki «Parahat» medeni-dynç alyş merkezinde-de esasan, toý, sadaka geçirilýär. Ozalky tomaşa zaly stoldur oturgyçlardan doldurylyp, sahnada aýdym-saz ýaňlanýar, tamada hoş söz aýdýar. Duran bir girdeji. Dogrusy, SSSR döwründe girdejini kino getiren bolsa, häzir ozalky kinoteatlarda geçirilýän toý agşamlary olaryň eýelerine ummasyz girdejiler getirýär.

Toý-sadaka geçirilýän ýerleriň eýesi kim?

Elbetde, yzygiderli pul ýasap duran ýerlere garamaýagyň eýelik etmejegi düşnükli. Şeýle pully ýerler göze görünmeýän adamlara degişli. Has dogrusy, ministr derejesindäki ýolbaşçylara degişli. Toý, sadaka geçirilýän ýerleriň eýeleri wezipeli adamlaryň ýakyn garyndaşlary. «Parahat» medeni-dynç alyş merkezem şeýle. Herhal, göz-görtele däl. Hileli ýol tapylýar. Ýöne, ors nakylynda aýdylyşy ýaly, «Шило в мешке не утаиш»—ýagny, «Temen haltada ýatmaýar».

Ine, çinownikler şeýle «düşewüntlije ýerleri» aňsat-aňsat kesekä gidermeýärler.

Salgyt inspeksiýasy-da, häkimligiň wekilleri-de çinownikleriň «Düşewüntli meýdana» öwren ýerleriniň golaýyndan geçmäge-de gorkýarlar.

Türkmenistanda näme üçin kino görkezilenok?

Megerem, munuň sebäpkäri gaty köpdür. Öňde-de bir anekdotdaky ýaly «Topdan salýut atylmanlygynyň ýetmiş sebäbi bar, esasy sebäpleriň birem - top ýok!» diýlişi ýaly, Türkmenistanda tomaşaçylara görkezer ýaly kino ýok. Aşgabatda kinotetrlar bar bolsa-da, kino görkezilmeýşi ýaly, ýurtda-da kinostudiýa bar, ýöne kino düşürilenok. Döwlet tarapyndan pul berlip, düşürilýän kinolaram kinofilm däl-de, wideofilm. Olar kinolentalara düşürilmeýär.

Öz döwründe «Gelin», «Aýgytly ädim», «Gorkak batyr», «Şükür bagşy», «Uzakdaky gelinlik», «Aşyr aganyň hötjetligi»…ýaly çeper filmler Sowet Soýuzynyň derejesinde ykrar edilipdi, dürli baýraklara mynasyp bolupdy, gürrüňi edilýän filmleriň käbiri-hä Halkara derejesinde-de baýraklar alypdy. Häzir bolsa kinostudiýanyň ady bar-da, çykarýan kinosy ýok.

Ýagdaý şeýle bolansoň, Aşgabatdaky, bir wagt kino görmäge höwes bilen gelinýän «Mir», «Bahar», «Kosmos», «Diýar»… ýaly kinoteatrlar toý çäreleri geçirilýän ýerlere öwrüldi.

Paýtagtdaky meşhur «Watan» kinoteatrynda-da şu günler düýpli remont işleri alnyp barylýar. Nesip bolsa, Aşgabatda toý dabaralary geçiriljek ýene bir kaşaň binalaryň sany artjak.

Çoluk Möwlamow aşgabatly şynçy. Şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG