Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ýaponiýanyň imperatory Akihito bilen duşuşdy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň barşynda ýurdun imperatory Akihito bilen duşuşdy. Imperator Akihito Ýaponiýanyň 125-nji resmi imperatory bolup durýar.

Ýaponiýanyň Konstitusiýasy ýurduň imperatoryny Ýaponiýanyň döwletliliginiň hem-de halkyň bitewiliginiň simwoly hökmünde häsiýetlendirýär. Şu nukdaýnazardan, bu wezipe aglaba simwoliki häsiýete eýe wezipe hasaplanylýar.

Düýn günüň birinji ýarymynda prezident Berdimuhamedow Türkiýäniň «Çalyk holding» kompaniýasynyň başlygy Ahmet Çalyk, Tokio uniwersitetiniň professory Ýoşiaki Sasaki, şeýle hem Ýaponiýanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen-de duşuşdy.
XS
SM
MD
LG